Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Trumpy “howply” diýip atlandyrdy


Hillary Klinton
Hillary Klinton

ABŞ-da Demokratik partiýadan prezidentlige kandidat bolmagyna garaşylýan Hillary Klinton Donald Trumpyň Ak Tama “gelişmeýändigini” we onuň daşary syýasat boýunça pikirleriniň “howpludygyny” aýtdy.

Klinton özüniň ýöretmegi göz öňünde tutýan geljekdäki daşary syýasat baradaky çykyşynyň esli bölegini Trumpa garşy gönükdirdi.

2-nji iýunda eden çykyşynda Klinton, eger-de Trump saýlansa, munuň “taryhy ýalňyşlyk” boljakdygyny duýdurdy. Klinton tütjar telekeçi, şeýle-de hiç haçan hökümetde işlemedik Trumpyň bu wezipe üçin çendenaşa ganygyzmadygyny aýtdy.

“Ol ýadro ýaraglarynyň kodlarynyň golaýyna eltilmeli adam däl” diýip, Klinton Kaliforniýanyň San Diego şäherinde eden çykyşynda aýtdy.

Klinton Trumpyň “biri bilen garpyşsa, ýurdy urşa iteklemeginiň mümkindigini” hem nygtady.

Klinton ABŞ-nyň döwlet sekretary, senatory we birinji hanymy bolupdy.

Daşarky syýasat

Mundan owal Trump, eger-de NATO agza döwletler ýaranlyga goýberýän maliýe serişdelerine ýaňadandan garamasalar, onda özüniň prezident bolan halatynda bu döwletleriň “öz başlaryny özleriniň çaramaly boljakdygyny” duýdurypdy.

Klinton “Moskwanyň Ukraina garşy agressiw harby çärleri alyp barýan pursady” bular ýaly beýanatlaryň “NATO boýunça ýaranlarynyň gyra çekilmegine getirip biljekdigini” aýtdy. Ýatladyp geçsek, 2014-nji ýylyň martynda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alyp, gündogar Ukrainadaky separatistleri goldap gelýär.

Klinton Trumpyň Hytaý we Russiýa ýaly ýurtlar bilen gatnaşyklarynda ABŞ-nyň bähbitlerini gorap bilmejekdigini aýtdy.

Trump prezidentlige saýlansa, Russiýa bilen has gowy gatnaşyklary ýola goýmagy wada berdi. Ol munuň Waşingtonyň “güýç nukdaýnazaryndan” çemeleşen halatynda amala aşjakdygyny aýtdy.

Trump özüniň mundan öň daşary ýurtlar bilen gozgalmaýan emläk we dünýäniň iň owadan zenanyny saýlamak bäsleşiklerini gurnamak boýunça alyp baran gepleşikleriniň daşary syýasatda özüne artykmaçlyk berjekdigini aýdypdy.

Klinton: “Ol Moskwada gözellik bäsleşiklerini gurnandygy üçin özüniň daşary syýasat boýunça tejribesiniň bardygyny aýdýar” diýip, Trumpyň bu sözlerini ýaňsa aldy.

Trumpyň 'jogaby'

Trump 2-nji iýunda Klintonyň eden çykyşyny özüniň Twitter hasabynda tankytlady.

Ol “Klinton eýýäm gözden düşdi. Ol wezipede wagty gaty köp ýalňyşlary goýberdi... Onuň prezidentlik sypaty hem ýok” diýip, ýazgy galdyrdy.

Klintonyň öz çykyşy üçin saýlan ýeri gaty möhümdir. San Diegoda ençeme harby birikmeler ýerleşip, bu ýerde köp sanly weteranlar we harby gullukçylar ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG