Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistana edilýän basyş güýçlendirilmeli”


Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten adamlar.
Türkmen türmelerinde dereksiz ýiten adamlar.

“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýa Türkmenistanyň hökümetini türkmen türmelerinde ýitirim edilen tussaglaryň ykbaly barada maglumat bermäge çagyryp, ýörite beýanat ýaýratdy. Bu beýanat dünýäde adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegine garşy halkara hepdelik geçirilýän mahaly, 3-nji iýunda köpçülige ýetirildi.

“Biz Türkmenistanyň hökümetini türkmen türmelerinde uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen ýüzden gowrak adamynyň hukuklaryny dikeltmäge we adamlaryň zor bilen ýitirim edilmek ýörelgesini derhal ýatyrmaga çagyrýarys” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de, anna güni ýaýradylan maglumatda tussaglaryň köpüsi barada eýýäm 13 ýyldan gowrak wagt bäri hiç hili maglumatyň berilmeýändigi aýdylyp, “türkmen hökümeti ýitirim edilenleriň dogan-garyndaşlaryna öz ýakynlary, olaryň nirededigi barada maglumat berip, gija goýmazdan, olary görmäge rugsat bermeli” diýilýär.

Halkara guramalar goldaw bildirdi

Türkmenistanda dereksiz ýitirim bolan adamlaryň sany barada takyk maglumat elýeterli bolmasa-da, “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýa Türkmenistanyň hökümetinden türkmen türmelerinde ýitirim edilen ýüzden gowrak tussagyň ykbaly, ýagny olaryň nirede ýerleşýändigi, saglyk ýagdaýy we kanuny statusy barada maglumat almaga synanyşýar.

Bu kampaniýada ady agzalýan tussaglaryň aglabasy 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda we 2000-nji ýyllaryň başlarynda tussag edilen adamlar, şol sanda ýokary derejeli döwlet resmileridir.

Maglumatda bu kampaniýa başladylaly bäri, käbir üstünlikleriň hem gazanylandygyna üns çekilip, kampaniýanyň türkmen hökümetine edýän çagyryşyna dünýäniň ençeme döwletiniň, halkara we raýat jemgyýetçilik guramalarynyň goldaw bildirendigi aýdylýar.

Tussaglary görmäge rugsat berilmeli

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bu meseläni özüniň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda yzygiderli gozgaýar. Şeýle gepleşikleriň iň soňkusy şu ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda geçirilen “Adam hukuklary dialogynda” boldy. Ýewropa Parlamenti adam hukuklary babatdaky aladalanmalara, şol sanda dereksiz ýitirim edilenler meselesine esaslanyp, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky “Hyzmatdaşlyk we partnýorlyk ylalaşygyny” ratifisirlemegi soňa goýdy diýlip, beýanatda nygtalýar.

Beýanatda dünýäniň dürli künjegindäki hökümetler we halkara guramalar Türkmenistanyň özüniň bu meseledäki dymmaklygyny bes etmegi üçin basyşlaryny artdyrmaly diýilip, “Türkmenistanyň hökümetiniň tussag edilen adamlary görmek üçin olaryň hossarlaryna, aklawçylaryna we abraýly halkara guramalaryň wekillerine, şol sanda Halkara Gyzyl haç Komitetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň degişli ekspertlerine doly rugsat bermelidigi” bellenilýär.

“Olary diri gökeziň!” atly kampaniýa 2013-nji ýylda döredilip, ol öz işini döwlete degişli däl ençeme guramalaryň gatnaşmagynda alyp barýar.

XS
SM
MD
LG