Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muhammad Aly 10-njy iýunda jaýlanar


Jorj Forman Muhammad Aly bilen bokslaşýar, 30-njy oktýabr, 1974 ý.
Jorj Forman Muhammad Aly bilen bokslaşýar, 30-njy oktýabr, 1974 ý.

Boks äleminde ady rowaýata öwrülen Muhammad Alynyň ölüm habaryna gynanç bildiren köp boldy.

Ol 4-nji iýunda, parkinson keseli bilen uzak tutluşykdan soň, 74 ýaşynda aradan çykdy.Ol 10-njy iýunda dogduk mekany Luiswilde, Kentukki ştatynda jaýlanar.

Rekord derejedäki boks karýerasy, tomaşaçylaryň göwnüni awlamakda görlüp-eşidilmedik ussatlygy we gapma-garşylykly pozisiýalary Muhammad Alyny 20-nji asyryň iň bir tanymal şahslarynyň birine öwürdi.

Onuň ölüm habaryna dünýäniň çar künjeginden gynanç bildirildi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Alyny «dogry iş ugrunda göreşen» beýik çempion hökmünde häsiýetlendirdi.

Obama Alynyň fiziki güýji kemelen hem bolsa, bokslaşmak beýikligi «dünýä ýüzünde parahatçylyk we ylalaşyk üçin has güýçli güýje öwrüldi» diýdi.

Ozalky boks çempiony, Alynyň ringdäki iň gazaply garşydaşlarynyň biri Jorj Forman bu ajy habary eşidip, twitterde «Meniň bir bölegim aýryldy, uly bir bölegim meni terk etdi» diýdi.

XS
SM
MD
LG