Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktobede ýene bäş ‘terrorçy’ öldürildi


Aktobedäki polisiýa işgäri.
Aktobedäki polisiýa işgäri.

Gazak howpsuzlyk güýçleri Aktobe şäherinde jeňçidir diýlip güman edilýän bäş adamy atyp öldürdi. Aktobe Gazagystanyň Russiýa bilen serhedinde ýerleşip, 5-nji iýunda şäherde onlarça adam gazaply hüjümleri edipdiler.

Berilýän maglumata görä, jeňçiler “terrora garşy operasiýanyň” dowamynda öldürilipdirler. Indi Aktobedäki hüjümler bilen baglylykda öldürilen adamlaryň sany 25-e ýetdi.

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komiteti 10-njy iýunda ýurduň ýörite güýçleriniň Aktobeniň ýaşaýyş jaýlarynyň birine hüjüm edip, “terrorist” diýlip atlandyrylan dört adamyny öldürendigini habar berdi.

Resmi beýanatda “terroristleriň şärigi” diýlip tanadylan ýene bir adamynyň polisiýa garşy ot açyp başlanda öldürilendigi hem aýdylýar.

Milli howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, soňky öldürilen adamlar 5-nji iýunda Aktobeniň iki ýarag dükanyna we harby bazasyna hüjüm eden jeňçileriň hatarynda bolupdyrlar. Şol wakalarda parahat ilatdan dört adam, harbylardan hem üç adam öldürilipdi.

9-njy iýunda Gazagystanda şol pidalaryň hatyrasyna matam tutuldy.

“Howpsuzlyk güýçleri [agzalýan] hüjümler bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän terroristleriň gözlegini dowam etdirýärler” diýip, Milli howpsuzlyk komitetiniň 10-njy iýunda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Hüjümçleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir ygtybarly topar öz üstüne almady.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew hüjümçileri “radikalsyraýan” hereketiň agzalary atlandyryp, olaryň daşardan görkezme alandyklaryny aýtdy. Gazak polisiýasy hem jeňçileriň [bu ýurtda] “tradision däl dini akymyň” agzalary bolandygyny aýdýar. Bu adalga Merkezi Aziýa döwletlerinde, adatça, yslamçy ekstremistik toparlar bilen baglylykda ulanylýar.

Emma Gazagystanyň Parlamentiniň ýokarky öýi, bu hüjümleri ýazgaryp, jeňçileriň din bilen ilteşiginiň bolmandygyny öňe sürýär.

Bu hüjümleriň öňüsyrasy, ýagny aprel we maý aýlarynda Gazagystanda planlaşdyrylýan ýer reformalaryna garşy köpçülikleýin protestler geçipdi. Demonstrasiýalarda 1000-e golaý aktiwist tussag edilip, olaryň köpüsine 10-15 gije-gündizlik tussaglyk berlipdi.

XS
SM
MD
LG