Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýanyň hüjümlerinde Russiýany aýyplady


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri.

ABŞ Russiýany Siriýanyň günortasynda gozgalaňçylara, şol sanda ABŞ-nyň goldamagynda “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşýän güýçlere garşy howa zarbalaryny urmakda aýyplady.

ABŞ-nyň jogapkär resmileri özleriniň 16-njy iýunda beren maglumatynda Al-Tanf sebitiniň golaýynda bolan bombalaýyşlaryň “uly aladalanma döredendigini” we Waşingtonyň bu meseläni Moskwa bilen geňeşjekdigini aýtdylar.

Emma Orsýet öz gezeginde Amerikany aýyplady. Moskwada şeýle çaklama bar, ýagny ABŞ-nyň Siriýadaky “terrorçy” toparlara daýanyp, Orsýetiň goldawyndan peýdalanýan prezident Başar al-Assadyň režimini agdarmak boýunça gizlin plana görä hereket edýän bolmagy ähtimal.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 16-njy iýunda Sankt-Peterburgda eden çykyşynda şeýle planyň bolmagynyň ABŞ-nyň Siriýadaky gozgalaňçy güýçleriň “Al-Kaýdanyň” “Al-Nusra frontundan” daşlaşmagyny gazanmakdaky şowsuzlygyny düşündirýändigini belledi.

Ne Orsýetiň, ne-de Siriýanyň goşuny bardy

Birleşen Ştatlaryň “bu ýerde käbir oýunlary oýnaýan we olaryň “Al-Nusrany” käbir özboluşly görnüşde saklap, ony režimi agdarmak üçin ulanmak isleýän bolmagy ähtimal” diýip, Lawrow aýtdy. Şeýle-de, ol Birleşen Milletler Guramasynyň gara sanawyndaky terrorçy topary beýleki gozgalaňçy toparlardan aýyrmakdaky kynçylyk Siriýada dowam edýän urşuň esasy sebäbidir diýdi.

Lawrow ýakynda telefon arkaly geçiren gepleşiginde Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň ABŞ-da Assadyň režimini agdarmak boýunça gizlin planyň bolmagynyň ähtimaldygy baradaky çaklamalary ret edendigini belledi.

Öz gezeginde, Birleşen Ştatlaryň jogapkär resmileri 16-njy iýunda Al-Tunf sebitiniň golaýynda orslar tarapyndan urlan howa zarbalaryny ýiti tankyt etdiler.

Amerikan jogapkär resmileri wakanyň bolan wagty sebitde ne Orsýetiň, ne-de Siriýanyň guryýer goşunynyň bolandygyny aýdyp, bu ýagdaý Orsýetiň bu babatda özüni gorap çykyş etmek tutarygyny aradan aýyrýar diýdiler.

Assadyň režiminiň harby güýçlerini bombalamak

“Russiýanyň iň soňky eden hereketleri Russiýanyň meýilleri babatda çynlakaý aladalanmalar döretdi. Biz Russiýadan bu wakanyň näme sebäpden bolandygyny we şeýle wakanyň mundan beýläk gaýtalanmajakdygyna kepil geçmegini sorarys” diýip, bir amerikan resmisi aýtdy.

Waşington Moskwany “Yslam döwletine” we “Nusra frontuna” garşy göreşmegiň deregine Assadyň režimini goldamakda aýyplaýar.

Bu aralykda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň 50-den gowrak resmisinden ybarat bir topar prezident Barak Obamanyň syýasatyny Siriýadaky urşa öz täsirini ýetirmekden mahrum galmakda tankytlady. Olar Assadyň hökümetiniň parahatçylyk gepleşiklerine goşulmagy üçin, Birleşen Ştatlaryň Assadyň režiminiň harby güýçlerini bombalamaga başlamalydygyny aýdýarlar.

“The New York Times” we “Wall Street Journal” neşirlerine syzan maglumatda Siriýa syýasaty bilen baglanyşykly iş alyp barýan orta derejeli amerikan diplomatlary Assadyň režimine basyş etmek üçin Birleşen Ştatlary ”anyk nyşanalar boýunça harby hüjümleri” amala aşyrmaga çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG