Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Gündeligi: ‘Breksit’ Brýusseli sarsdyrdy


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk
Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk

Şu gün ir bilen Brussel tolgundy: Ýewropa Bileleşiginiň paýtagty Bileleşigiň saklanyp galmagy ugrunda jan edýär.

Britaniýada Bileleşikden “çykmaly” diýlen sesleriň agdyklyk edendigi belli bolandan soň, indi Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollande 27 agzaly Bileleşigiň düzüminden başga hiç bir ýurduň çykmajakdygyny ynandyrmaly bolarlar.

Şu gün Brýusselde ÝB-niň esasy üç institutynyň prezidentleri we Gollandiýanyň premýer-ministri duşuşyp, ýokarky meseläni maslahat etdiler. Olar Britaniýanyň blokdan çykmagy bilen baglylykda hemmeleri kanagatlandyrjak, umumy bir pozisiýany tapmaly boljakdyklaryna düşünýärler.

Olar, her niçik-de bolsa, ÝB-niň henizem doly işleýändigini we Ýewropa ymaratynyň beýleki bölekleriniň bölünip aýrylmajakdygyna ynam döretjek bolup tagalla edýärler.

Ýöne munuň hötdesinden gelmek kyn düşäýmese. Bu habaryň yz ýany pul birlikleri we maliýe biržalary dessine aşak gaçdylar. Ýewropa ýaňy başdan geçiren ykdysady krizisinden we berk tygşytlaýyş çärelerinden soň täze bir maliýe çökgünligiň hötdesinden gelip bilmez.

Meseläniň syýasy tarapy hem bar. Häzirki gün Ýewropada isteblişmente garşy hereketler barha bat alýar. Geljek ýyl Ýewropa Bileleşiginiň beýleki iki sany möhüm agzasynda: Fransiýada we Germaniýada saýlawlar geçirilmeli.

Fransiýanyň Le Pen milli frontunyň Britaniýadaky ses berişligiň netijelerinden has-da ruhlanmagy mümkin. ÝB-niň Fransiýa görä özgerdilmegi ýa hut onuň düzüminden çykmagy ugrundaky çagyryşlar artar.

Germaniýa häzire çenli arkaýynlygy saklap gelýär. Emma bu ýurtda hem ýagdaýlaryň üýtgäýmegi mümkin. Berliniň milliona golaý bosguny we migranty kabul etmek baradaky planlary, eýýäm ýurduň köp künjeklerinde nägilelik oduny tutaşdyrdy. Breksit ses berişliginden soňky dörän ýagdaý Merkeliň we onuň Bileleşigiň tarapynda çykyş edýän ýaranlarynyň gününi kynlaşdyrar. Germaniýada Alternatiw çepçi toparyň tarapdarlary köpelip, ol Berliniň ÝB-e bilen baglylykdaky alyp baran syýasatyny üýtgedip biler.

Ortaýer deňziniň ýurtlary barada gürrüň edeliň. Eger-de nobatdaky ykdysady krizis ýüze çykaýsa, bu ýurtlara agyr günler garaşýar. Olar mundan owalky çökgünlikden indi-indi özlerine gelip başlapdylar. Italiýa, Ispaniýa we Gresiýa ýaly ýurtlarda häkimiýeti ele almaga taýýar populist güýçler hem dyzaşyp durlar.

Demirgazykdaky Gollandiýa we Daniýa ýaly ýurtlar özleriniň esasy ýarany – Britaniýanyň gitmegi bilen Bileleşikde mundan beýläk nädip gün görmelidigi barada kelle döwýän bolsalar gerek. Olar ÝB-siz hem gün görüp bilerlermi?

Bu soraga Merkezi we Gündogar Ýewropanyň ýurtlary hem jogap bermeli bolarlar. Çehiýa we Wengriýa ýaly ýurtlarda ýewroskeptisizm garaýyşlary eýýäm berk ornaşyp başlady.

Şu gün, şeýle-de ýakyn geljekde ÝB Ýewropa öýüniň içindäki tutaşan ody söndürjek bolup tagalla eder. Emma munuň netijesinde bu öýden diňe üýşmek külüň galaýmagy hem ähtimal.

XS
SM
MD
LG