Britaniýa ÝB-den çykmaga ses bereninden soň, dünýäniň maliýe bazarlary 2 trillion dollara golaý hümmetini ýitirdi we bu ýagdaý dünýä ykdysady ösüşini haýalladar öýdülýär.
Dünýä ýüzündäki maliýe bazarlary öz hümmetlerini ortaça 5 prosente golaý ýitirýärler we prezident Obama hem-de beýleki dünýä liderleri, dünýäniň iň uly söwda bileleşiginiň garaşylmadyk Breksit ses berişliginden görjek sarsgynlaryna garamazdan, dünýä ykdysadyýetini deňagramly saklajakdyklaryny aýdyp, maýadarlardyr biznesmenleri köşeşdirmäge çalyşdylar.
Obama 24-nji iýunda, bazarlar ýapylandan soň, Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen telefonda gürleşip, Angliýanyň ÝB-den çykmagy düzgün-tertipli geçirmek ygrarlylygyna ynanýandygyny aýtdy.
Ol Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň «ykdysady ösüşi we maliýe durnuklylygyny üpjün etmegi ünsden düşürmejegini» wada berdi.