Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýada güýçli ýer sarsgyny boldy


Gyrgyzystanyň, Täjigistan we Özbegistan bilen serhetleşýän Batken regiony
Gyrgyzystanyň, Täjigistan we Özbegistan bilen serhetleşýän Batken regiony

Merkezi Aziýada güýçli ýer titreme boldy, emma onuň netijeleri barada entek habar berilmedi.

Gazagystanyň Bilim ministrligindäki Geologiýa gözegçiligi komitetiniň 27-nji iýunda aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň serhetleriniň golaýynda bolan ýer titremäniň magnitudasy 5.3 derejesinde hasaba alnypdyr.

Ýer sarsgyny Gazagystanyň Almaty, Şymkent we Taraz ýaly günorta şäherlerinde duýuldy.

Gazagystanyň agentligi ýer titremeden soňky onlarça sarsgynyň tutuş regionda hasaba alnandygyny habar berdi.

Bu ýer sarsgyny günorta Gyrgyzystanda bolan 6.7 magnitudaly güýçli ýer yranmasyndan bir gün geçensoň ýüze çykdy.

ABŞ-nyň Geologiýa barlaglary boýunça guramasy 26-njy iýunda bolan ýer titremesiniň merkeziniň Gyrgyzystanyň Oş şäherinden 122 kilometr uzaklykda, Täjigistan bilen serhediniň golaýynda ýerleşendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG