Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ramzandan 120 tonna remezan kömegi


Çeçen lideri Ramzan Kadyrow.
Çeçen lideri Ramzan Kadyrow.

Kadyrow fondy siriýaly garyp-gasarlara 120 tonna nahar paýlamakçy.

Çeçenistanyň baştutany Ramzan Kadyrowyň kakasy Ahmet Kadyrowyň adyny göterýän haýyr-sahawat fondy oraza aýynda Siriýanyň dürli ýerinde 120 tonna nahar paýlamagy göz öňünde tutýar.

Fonduň başlygynyň orunbasary Ziýad Sabsabiniň aýtmagyna görä, mundan beýläk Damaskyň garyp-gasarlaryna günde 20 müň agzaçar we 5 müň hem selärlik bermek planlaşdyrylýar. Sabsabyň nygtamagyna görä, şeýle haýyr-sahawat işleri söweş meýdanlarynda hem amala aşyrylar. Munuň bilen bilelikde Latakiýada we Homsda hem ynsanperwer ýardamlar paýlanar.

Onuň bellemegine görä, fonduň Siriýadaky ähli tagallalary Siriýa hökümeti bilen Orsýetiň daşary işler ministrligi we Russiýanyň Damaskdaky ilçihanasynyň üsti bilen durmuşa geçirilýär.

250 sany meýletinçi

Naharlaryň paýlanmagy işine 250 sany meýletinçi gatnaşýar. Sabsabiniň aýtmagyna görä, olaryň arasynda Siriýanyň ähli syýasy partiýalarynyň wekilleri bar. Meýletinleriň hemmesi ýokary okuw jaýynyň studentleridir. Ätiýaçlyk azyk önümleri we gerekli gap-gaç hut Siriýanyň özünden alynýar.

Sabsabi bu maglumatynda agzalanlardan başga-da Siriýanyň dürli şäherlerinden bolan 150 hassa ýetim çagalara saglyk bejeriş ýardamyny bermegiň hem göz öňünde tutulýandygy mälim edilipdir. Fonduň başlygynyň orunbasary "Biz bosgun düşelgelerinde saglygy bejeriş merkezlerini döretmegi hem planlaşdyrdyk. Olaryň üsti bilen çagalaryň we zenanlaryň saglygyna seretmek mümkinçiligi hem bolar" diýýär.

Siriýanyň prezidenti Başar Assada garşy oppozisiýa toparlarynyň bildirmegine görä, hökümet güýçleri we olary harby-howa güýçleri bilen goldaýan Orsýetiň söweş uçarlary oraza aýynda hem harby çäreleri geçirmegi dowam edýärler.

XS
SM
MD
LG