Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe urup gaçyran orsýet uçary üçin ötünç sorady


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan orsýetli kärdeşi Wladimir Putine hat ýollap, geçen ýylyň tomsunda orsýet uçarynyň türk harbylary tarapyndan urlup- gaçyrylmagy üçin ötünç sorady, diýip 27-nji iýunda Moskwada we Ankarada resmiler aýtdylar.

“Türkiýe döwletiniň ýolbaşçysy ... öldürilen pilotyň maşgalasyna ‘öz simpatiýasyny we çuňňur gynanjyny” bildirýär we ötünç soraýar”, diýip Orsýetiň prezidentiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow žurnalistlere aýtdy.

Şeýle-de Peskow Erdoganyň “Türkiýäniň we Orsýetiň arasynda adatça dostlukly gatnaşyklary dikeltmek üçin ähli mümkinçilikleri” ulanmak isleýändigini mälim edendigini aýtdy.

Türkiýäniň prezidentiniň metbugat-wekili hem muny tassyklady we Erdoganyň öldürilen pilotyň maşgalasynyň “bizi bagyşlajagyny” umyt edýärin, diýip Putine ýollan hatynda aýdandygyny habar berdi.

Orsýet 2015-nji ýylyň noýabr aýynda öz harby uçarynyň Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda urlup, ýere gaçyrylmagyndan soň Ankara bilen söwdasyny çäklendiripdi we Türkiýä syýahatçylygy gadagan edipdi.

Putin Erdogan ötünç soraýança çäklendirmeleriň aradan aýrylmajagyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG