Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Talyban' polisiýa hüjüm edip, onlarça adamy öldürdi


Janyndan geçen hüjümçileriň hüjümi, Kabul, 30-njy iýun, 2016
Janyndan geçen hüjümçileriň hüjümi, Kabul, 30-njy iýun, 2016

“Talybanyň” janyndan geçen iki hüjümçisi Kabulyň golaýynda polisiýanyň trenerlerini alyp barýan awtobusa hüjüm edip, onlarça adamy öldürdi we ençemesini ýaralady.

30-njy iýunda Kabuldan 20 kilometr uzaklykda bolan hüjümiň netijeleri barada dürli maglumatlar berilýär we azyndan 30 çemesi adamyň wepat bolandygy, 40 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Awtobuslar Wardak welaýatyndaky türgenleşik merkezinden paýtagta dolanyp barýardy.

Polisiýa ölenleriň sanynyň has köp bolmagynyň ähtimaldygyny, sebäbi awtobusyň 200 çemesi polisiýa wekilini alyp barandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Talyban” media guramalaryna ýollan elektron hatynda hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne ady.

XS
SM
MD
LG