Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Musulmanlar herekete geçdi


“Respublikaçylar” partiýasynyň prezidentlik dalaşgäri Donald Trump.
“Respublikaçylar” partiýasynyň prezidentlik dalaşgäri Donald Trump.

Trumpyň musulmanlara garşy edýän çykyşlary Amerikadaky musulmanlaryň gaharyny getirdi.

ABŞ-nyň iň uly musulman guramalarynyň biri bolan Amerikanyň yslam gatnaşyklary geňeşiniň (CAIR) bildirmegine görä, 2012-nji ýyldan bäri 300 müňden köpräk musulman saýlawçy hasaba durupdyr.

Gurama bu hasabaty, resmi ýagdaýda hasaba alnan saýlawçylaryň musulman atlaryna görä, taýýarlapdyr.

Guramanyň gelen netijesine görä, häzirki döwürde tutuş ýurtda hasapda durýan 824 müň musulman saýlawçy bar. CAIR-iň maglumatynda 2012-nji ýylda bu sanyň 500 müň bolandygyna hem aýratyn üns çekilipdir.

Gurama, musulman saýlawçylaryň sanawyny taýýarlaýan mahaly bilermenlere sala salmak bilen, çagalara at dakmak üçin gollanma hasaplanýan internet sahypalaryndan hem peýdalanypdyr.

“Musulmanlary gazaba mündürdi”

Ol adam atlarynyň arasynda arap we türk atlary bilen bir hatarda Günorta Aziýa bilen Merkezi Ýewropa mahsus bolan adam atlary hem bardyr.

"Pew" barlag merkeziniň 2011-nji ýylda geçiren barlaglaryndan alnan netijelere görä, ABŞ-da 2,75 million musulman ýaşaýar. Olaryň aglaba köpçüligini emele getirýänler, ýagny ýüzden 63 göterimi bosgunlardyr. "Pew" barlag merkeziniň başga bir hasabatyna görä bolsa, 2015-nji ýylda ABŞ-da ýaşaýan musulmanlaryň ilat sany 3,3 milliona baryp ýetdi.

CAIR-iň hökümet işleri boýunça müdiri Robert Makkawyň (Robert McCaw) aýtmagyna gönä, “Respublikaçylar” partiýasynyň prezidentlik dalaşgäri Donald Trumpyň musulmanlara garşy edýän çykyşlary Amerikadaky musulmanlary gazaba mündürdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý olarda özüni Amerika raýaty hökmünde resmi taýdan tassyklatmak islegini hasam möwjetdi. Muny amala aşyrmagyň iň ýagşy ugry bolsa hakyky saýlawçy hökmünde hasaba durmakdyr.

Saýlaw işlerine musulmanlaryň işjeň gatnaşmagyny ýola goýmak

CAIR iýun aýynda "Musulmanlar ses berer" atly bitarap kampaniýa başlatdy. Ol kampaniýanyň maksady 2016-njy ýyldaky saýlaw işlerine musulmanlaryň işjeň gatnaşmagyny ýola goýmak. Kampaniýa, musulmanlary saýlawlar bilen baglanyşykly meýletin işler bilen ykjam meşgullanmaga, saýlawçy hökmünde özüni resmi hasaba aldyrmaga, üýşmeleňleriň guramaçylygyny ýola goýmaga we bu ugurdaky ähli tagallalara işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

McCaw, CAIR musulmanlaryň saýlawlardaky işjeňligini ýokarlandyrmak üçin başga guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýandygyna we saýlawlara çenli ýene müňlerçe musulmanyň özüni resmi saýlawçy hökmünde hasaba aldyrjakdygyny umyt edýändigini aýdýar.

Geňeşiň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, bu hem saýlawçy hökmünde hasaba alnan musulmanlaryň sanyny häzirkisindenem has köpeldip biler. Sebäbi, yslam dinine täze geçen adamlaryň arasynda öz hakyky adyny ilden gizläp, öz soň dakylan musulman ady boýunça hasapda durmaýan adamlaram köp.

CAIR hasabaty taýýarlan mahaly şol bir wagtyň özünde beýleki dini toparlaryň arasynda hem ýörgünli bolan umumy adam atlaryny sanawa goşmandyr. Şeýle aýratynlygy bolan adam atlarynyň arasynda Sarah, Adam we Omar ýaly giň ýaýran atlar bar.

XS
SM
MD
LG