Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ghani ABŞ-nyň harbylarynyň Owganystanda galmak planyny makullady


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Waşington, 6-njy iýul, 2016
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, Waşington, 6-njy iýul, 2016

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani Waşingtonyň Owganystandan amerikan harbylaryny çykarmak işini haýallatmak baradaky kararyny makullady.

Ghani 7-nji iýulda eden beýannamasynda “ABŞ-nyň esasan hem terrorizme garşy söweşde berk we ynamdar partnýor hökmündäki möhüm roluny” nygtady.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öz prezidentlik möhletiniň gutarmagyndan soň indiki ýylda Owganystanda ABŞ-nyň 8400 harbysyny saklanjakdygyny 6-nji iýulda yglan etdi.

Obama amerikan harbylarynyň Owganystandaky sanyny 2016-njy ýylyň aýagyna çenli häzirki 9800-den 5500 çenli azaltmagy planlaşdyrypdy.

Emma Obama Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýynyň “howply” bolmagynda galýandygyny we “Talybany” wehim salýandygyny belledi.

Şeýle-de Obama Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň henizem talaba laýyk güýçli däldigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Owganystandaky konflikti soňlamagyň ýeke-täk ýolunyň Kabuldaky hökümetiň we “Talybanyň” arasynda syýasy gepleşik geçirmekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG