Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tuhbatullin: Ombudsman institutynyň netijeliligi adamlara bagly


Türkmenistan, Demokratiýa we adam hukuklary institutyndaky duşuşyk, 2-nji aprel, 2010 ý.
Türkmenistan, Demokratiýa we adam hukuklary institutyndaky duşuşyk, 2-nji aprel, 2010 ý.

Türkmenistanyň parlamentinde seminar geçirilip, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň, ombudsmanyň wezipesi baradaky kanun taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

"Türkmenistan.ru" internet neşiri 10-njy iýulda bu çäräniň BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş programmasy bilen bilelikde guralandygyny habar berdi.

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini döretmek barada resmi derejede öňräkden bäri gürrüň edilýär. Eýsem bu proses näme üçin uzaga çekýär we eger-de şeýle institut döredilse, ol Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyna nähili täsir eder?

Azatlyk radiosy bu soraglary Adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň başlygy Farid Tuhbatulline berdi.

Azatlyk radiosy: Farid, ozaly ýatlatsaňyz, Türkmenistanda indi adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini döretmek näçe wagt bäri maslahatlaşylýar we bu wezipe haçan dörediler?

Farid Tuhbatullin: Bu barada öňräkden bäri gürrüň edilýär. Aýdaly, 2014-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramak boýunça milli hereket planyny işläp düzjekdigi we şuplanyň çäginde adam hukuklaryny goraýan ygtyýarly wekiliň, ombudsmanyň wezipesiniň giriziljekdigi belli edildi.

Bilşiňiz ýaly, bu plan şu ýyl kabul edildi we tassyklanyldy, ol ýerde ombudsman institutyny döretmek maddasy hem bar. Mundan başga, geçen ýylyň ýanwarynda prezident hem adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini döretmek hakynda mesele gozgady. Onsoň, meniň pikirimçe, bu wezipe ahyrynda ýakyn wagtda döredilse gerek.

Azatlyk radiosy: Eger prezident hem goldaýan bolsa, bu proses näme üçin beýle uzaga çekdi?

Farid Tuhbatullin: Bu dogrudanam şeýle. Sebäbi, ýuridiki normalara görä, ombudsman instituty häzir prezidentiň ýanynda bar bolan Demokratiýa we adam hukuklary institutyndan has ýokarda durýar. Bu wezipäniň has köp hukugy we ygtyýary bolmaly. Ol halkara gurluşlary, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň dürli programmalary bilen hem has kän aragatnaşyk saklamaly. Onsoň bu gurama has jogapkärçilikli bolmaly,onda haýsydyr bir başdansowma jogaplar bilen çäklenmek kyn bolar we bu institut ol ýere ýüzlenen adamlar bilen işleşmeli bolar.

Azatlyk radiosy: Siz Türkmneistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutyny agzadyňyz, emma bu guramanyň işiniň o diýen netijeli däldigi aýdylýar. Siziňçe, täze gurama ondan hakykatdanam tapawutlanarmy, ýagny ombudsman instituty ýurtda adam hukuklarynyň hormatlanmagyna hakykatdanam oňyn täsir ýetirermi?

Farid Tuhbatullin: Ozaly, demokratiýa we adam hukuklary instituty turuwbaşdan halkara jemgyýetçiliginiň gözüne çöp atmak üçin, Türkmenistan adam hukuklary bilen meşgullanýar diýdirmek üçin döredildi. Özem ol S.Nyýazow wagtynda döredildi. Şu geçen döwrüň içinde bu garama özüniň bu meselede düýpden işe ukypsyzdygyny görkezdi. Halkara jemgyýetçiligi bolsa ýurtda hut ombudsman institutynyň döredilmegini talap etdi.

Onsoň häzir mejlisde bu institut baradaky kanun taslamasyna seredilýär, sebäbi ombudsman wezipesiniň dürli ýurtlardaky işi boýunça ählumumy düzgünler bar. Degişlilikde, bu institutyň hukuklary kanun boýunça ýokary bolmaly. Elbetde, bu oňa ýolbaşçylyk edýän adama hem bagly bolar. Ýöne ol Türkmenistanyň şertlerindeilki bilen hökümete, soňra halkara guramalaryna hasabat bermeli bolar.

Emma bu ýerde ikinji bir bellemeli zat, eger adamlar bu gurama köp ýüz tutsalar (ýurtda nägile, arz-şikaýatly adam juda kän, problema juda kän) we raýatlar has köp kömek sorasalar, bu institut bolmanda ol arzalaryň bir bölegine jogap bermeli bolar. Onsoň, käbir meseleler çözülip başlar.

Men ýagdaýy ideallaşdyrmak islemeýärin. Bu gün şol institut döredilse, ertir ýagdaý üýtgär diýmekçi däl, bu, elbetde,uzak proses. Emma bu institut, halkara gurluşlarynyň goldawynda ýa basyşy netijesinde, häzirki Demokratiýa we adam hukuklary institutyna garanda has netijeli işlemeli.

Azatlyk radiosy: Onda siziňçe, Türkmenistanda açyljak ombudsman institutynyň işiniň netijeliligi köp derejede halkyň aktiwligine hem bagly-da, siz şeýle diýmekçi bolýarsyňyzmy?

Farid Tuhbatullin: Hut şeýle, sebäbi adamlar ol ýere näçe köp ýüz tutsa, olaryň meseleleriniň çözülmegine şonça-da köp mümkinçilik we şert dörär.

XS
SM
MD
LG