Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň kansleri ilkinji gezek Gyrgyzystana bardy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç) we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew (s), Bişkek, 14-nji iýul, 2016.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç) we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew (s), Bişkek, 14-nji iýul, 2016.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Gyrgyzystana edýän iki günlük saparynyň dowamynda prezident Almazbek Atambaýew bilen gepleşik geçirdi.

Atambaýew 13-nji iýulda Merkeli Manas halkara aeroportunda garşy alyp, Germaniýanyň kansleriniň Gyrgyzystana edýän ilkinji saparyny “taryhy” diýip atlandyrdy.

Merkel Gyrgyzystanyň öz demokratiýasyny ösdürýändigini belläp, bu ýoluň Berliniň we Bişkekgiň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna alyp barýandygyny aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Atambaýew bilen gepleşiklerinden soň dini we etnik liderler bilen duşuşdy.

Merkeliň Gyrgyzystana sapary awtoritar liderleri tarapyndan dolandyrylýan Merkezi Aziýa regionynda demokratik saýlawlaryny geçirýän we söz, metbugat azatlygyna we açyk jemgyýete ýol berýän ýurt üçin simwolik häsiýete eýe bolup durýar.

Demokratiýa ugrundaky üstünlikleri bilen tanymal Merkel Mongoliýa hem sapar eder, emma tebigy baýlyklara eýe bolan Gazagystan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň duşundan geçer.

XS
SM
MD
LG