Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede 6 müňden gowrak adam tutuldy


17-nji iýulda 50-den gowrak uly derejeli esger tutuldy.
17-nji iýulda 50-den gowrak uly derejeli esger tutuldy.

Türk häkimiýetleri 15-nji iýuldaky harby döwlet agdarylyşygy synanyşygy bilen bagly 6 müňden gowrak adamy tussag etdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan bu waka bilen bagly döwlet edaralarynda «arassalaýyş» çäreleriniň dowam etdiriljekdigini wada beripdi.

Erdogan 17-nji iýulda Stambulda merhum jaýlananda çykyş edip, «ähli döwlet edaralaryny wirusdan saplamak üçin arassalamagy» wada berdi.

Ankara bu agdarylyşyk planyny Birleşen Ştatlarda ýaşaýan ruhany Fethulla Gülenden görýär. Erdogan Türkiýe bu ruhanynyň ekstradisiýa edilmegini sorar diýdi. Gülen başa barmadyk döwlet agdarylyşygyna dahyllydygyny ret edýär.

Tutulan adamlaryň arasynda ýokary derejeli harby ofiserler we 2,700 sudýa bar. 17-nji iýulda 50-den gowrak uly derejeli esger tutuldy.

Adalat ministri Bekir Bozdag bu tut-da-baslyklary «tämizlik operasiýalary» diýip häsiýetlendirdi. Resmiler öňi alnan harby agdarylyşykda azyndan 265 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG