Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet mediasy: Türkiýe 103 generaly tussag etdi


Türkiýäniň Howa güýçleri akademiýasynyň öňünde duran polisiýanyň ýörite güýçleriniň agzalary. 18-nji iýul, 2016 ý.
Türkiýäniň Howa güýçleri akademiýasynyň öňünde duran polisiýanyň ýörite güýçleriniň agzalary. 18-nji iýul, 2016 ý.

Türkiýäniň häkimiýetleri başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yzýany, jemi 103 sany generaly we admiraly tussag etdi diýip, 18-nji iýulda türk döwlet mediasy habar berýär.

15-nji iýulda Prezident Rejep Taýýyp Erdogany häkimiýetden agdarmak maksady bilen geçirilen harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yzýany, ýurduň dürli künjeginde ýokary derejeli harby resmiler tussag edildi diýip, “Anadolu” habar agentligi aýdýar.

18-nji iýulda oppozision “Jumhuriýet halk partiýasy” (CHP) häkimiýetler harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyna kanunyň çäklerinde gaýtawul bermelidir diýdi.

Şeýle-de, “Jumhuriýet halk partiýasy” (CHP) öz beýanatynda ýurduň armiýasynyň duşman ýaly edilip görkezilmeli däldigini hem belleýär.

XS
SM
MD
LG