ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Donald Trump özi prezident bolsa, Orsýetiň Baltiýa döwletlerine goşun salan ýagdaýynda olara derhal kömege barmajagyny aýtdy.
Trump 20-nji iýulda “The New York Times” gazetinde çap edilen interwýusynda başda şol ýurtlaryň “biziň öňümizdäki borçnamalaryny” näderejede berjaý edişine syn ederis, diýdi.
Trump mundan öňki çykyşlarynda NATO-nyň adyny agzamadyk agzalarynyň bileleşigiň öňündäki öz borçnamalaryny bolmalysy ýaly berjaý etmeýändigini, Waşingtonyň NATO-nyň maliýe çykdajylarynyň uly bölegini öz üstüne alandygyny belläpdi.
NATO-nyň agzasyna hüjüm edilen ýagdaýynda oňa kömege barmazlyk guramanyň ylalaşygynyň bäşinji maddasyna garşy çykýar.