Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ABŞ-nyň Guleni bermegini isleýär


ABŞ-da ýerleşýän ruhany Fethulla Gulen, Saylorsburg, 16-njy iýul, 2016.
ABŞ-da ýerleşýän ruhany Fethulla Gulen, Saylorsburg, 16-njy iýul, 2016.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu Waşingtonyň ABŞ-da ýerleşýän ruhanyny mümkin ekstradisiýa etmek boýunça komissiýany döretmegi teklip edendigini aýtdy. Ankara ruhanyny geçen hepdede başa barmadyk agdarylyşykda aýyplaýar.

Cawusoglunyň 22-nji iýulda aýtmagyna görä, Türkiýe şeýle komissiýa gatnaşmaga taýýar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan dinçi Fethulla Guleni 15-nji iýulda agdarylyşygy geçirmek boýunça dildüwşigi dolandyrmakda aýyplaýar.

75 ýaşly Gulen agdarylyşygy ýazgarypdy we özüniň oňa hiç bir gatnaşygynyň ýokdugyny aýdypdy.

Ankara Guleniň ABŞ-dan ekstradisiýa edilmegini resmi taýdan sorajakdygyny, emma entek soramandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerri Waşingtonyň Guleni bermek boýunça ýüzlenmä seretjekdigini mälim etdi, emma onuň ýurtdan çykarylmagy üçin günäsi barada takyk subutnamalaryň bolmalydygyny belledi.

XS
SM
MD
LG