Malaziýanyň, Awstraliýanyň we Hytaýyň resmileri Malaziýanyň howaýollarynyň ýitirim bolan 370 uçaryny gözläp, Hindi okeanynda geçirilen işleriň tamamlanmagyndan soň agtaryş işlerini ýatyrmak barada ylalaşdylar.
Uçaryň tapylmagynyň ähtimallygy “azalýar”, diýip üç ýurduň transport ministrleri 22-nji iýulda Malaziýada geçirilen duşuşygyň yzýany aýdýarlar.
Kuala Lumpurdan Pekine barýan 239 adamly uçar iki ýyldan gowrak wagt mundan ozal ýitirim bolupdy.
Ýolagçylaryň aglaba bölegi Hytaýyň raýatlarydy.