Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde öldürilen žurnalist Minskde topraga berildi


22-nji iýulda Kiýewiň Ukrain öýünde bolan hoşlaşyk dabarasynda žurnalisti soňky ýoluna ugratmaga müňlerçe adam gatnaşdy.
22-nji iýulda Kiýewiň Ukrain öýünde bolan hoşlaşyk dabarasynda žurnalisti soňky ýoluna ugratmaga müňlerçe adam gatnaşdy.

Belarusda doglan, 20-nji iýulda Kiýewde janyna kast edilip öldürilen tanymal žurnalist Pawel Şeremetiň Merhemetliler ybadathanasynda bolan jaýlanyş dabarasyna ýüzlerçe adam gatnaşdy.

Pawel Şeremet 23-nji iýulda, dogduk şäheri Minskde jaýlanyldy. «Ukrainskaýa Prawda» habar saýtynyň žurnalisti Şeremet irden irki radio gepleşiklerini taýýarlamak üçin radiostansiýa barýan mahaly maşynynda goýlan bombanyň partlamagynyň pidasy boldy.

44 ýaşyndaky žurnalist ozal Orsýetde we dogduk ýurdy Belarusda hem işläpdi we öz žurnalistik işi sebäpli häkimiýetleriň basyşlaryna duçar bolupdy.

22-nji iýulda Kiýewiň Ukrain öýünde bolan hoşlaşyk dabarasynda žurnalisti soňky ýoluna ugratmaga müňlerçe adam, şol sanda žurnalist kärdeşleri, ýuristler, hökümet resmileri we ukrain prezidenti Petro Poroşenko geldi.

XS
SM
MD
LG