Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Prezident gwardiýasyny dargatdy


Prezident gwardiýasynyň 2,500 çemesi agzasy bardy.
Prezident gwardiýasynyň 2,500 çemesi agzasy bardy.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildrim 23-nji iýulda ýurduň Prezident gwardiýasynyň dargadylýandygyny yglan etdi.

Türk telewideniýesi Ýildrimiň beýanatyny okap, «indiden eýläk Prezident gwardiýasynyň bolmajakdygyny, oňa zerurlyk ýokdugyny» aýtdy.

Prezident gwardiýasynyň 2,500 çemesi agzasy bardy. Harby agdarylyşyk synanyşygyndan bäri bu gwardiýanyň hatarynda gulluk edýän 283 adam tussag edildi.

Türkiýäniň golaýda geçiren arassalaýyşlary esasynda azyndan 60 müň döwlet işgäriniň ýa tussag edilendigi, ýa işinden çetleşdirilendigi aýdylýar. Şu aralykda, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan güman edilýänleriň käbiriniň aýyp bildirmezden saklanylmak möhletini 30 güne çenli uzaltdy we 1000-den gowrak hususy mekdebi ýapmagy buýurdy diýip, resmi beýanatda aýdylýar.

Erdogan 21-nji iýulda, agdarylyşyga gatnaşmakda güman edilýänleri tutmak üçin döwlet ygtyýarlyklaryny güýçlendirmek maksady bilen, üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilýändigini jar etdi.

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni prezidente we hökümete, ilki parlamente geňeşmezden, kanun kabul etmäge we hukuklary hem azatlyklary çäklendirmäge, togtatmaga ygtyýar berýär.

Ilkinji karar 1,043 hususy mekdebi, 1,229 sahawatlylyk fonduny, 19 profsoýuz birleşigini, 15 uniwersiteti, 35 medisina institutyny ýapmagy buýurýar.

Ýapylýan mekdepler we guramalar 15-nji iýuldaky harby agdarylyşyk synanyşygyny planlaşdyrmakda aýyplanan ruhany Fethulla Gülen bilen ilteşikli bolmakda güman edilýär.

XS
SM
MD
LG