Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saddam Hüseýiniň powesti Angliýada çap ediler


Saddam Husseýin. 2006 ý.
Saddam Husseýin. 2006 ý.

Yragyň owalky prezidenti Saddam Hüseýiniň ýazan powesti dekabr aýynda Beýik Britaniýada çap ediler. Mundan owal Ýaponiýa, Türkiýe ýaly käbir ýurtlarda neşir edilen powestiň iňlis dilindäki terjimesi ilkinji gezek çapdan çykar. Munyň bilen baglanyşykly maglumaty "The Guardian" gazeti habar berýär.

Powesti çap etmegi öz üstüne alan "Hesperus" atly neşirýat öýi, ol eseri "Tagt oýunlary" we "Kartdan öý" ýaly meşhur kitaplara meňzedipdir. Powestde, 500 ýyllap Ýefrat derýasynyň boýunda ýaşaýan we daşary ýurtly basybaljylara garşy göreşmäge mejbur galan halk barasynda gürrüň berlipdir.

Powestiň häzirlikçe resmi ady ýok. Ýöne, Saddam Hüseýiniň bu eseri başga ýurtlarda "Ýok bol. Şeýtan!" ýa-da "Şeýtan bilen oýun" ady bilen çapdan çykdy.

Eseriň golýazmasy Yrakdan Saddamyň gyzy Rakad Hüseýin tarapyndan gizlinlikde getirilipdir we ilkinji gezek 2005-nji ýylda Iordaniýada çap edilipdir. Emma kitabyň ähli nusgalarynyň satuwy derrew goýbolsun edilipdir we şeýlelik-de Saddam Hüseýiniň powestiniň göçürme görnüşleri has ýaýrawly ýagdaýa öwrülipdir.

"Hesperus" neşirýaty kitaby Yragyň owalky prezidentiniň dara çekilmegine 10 ýyl doljak günde çapdan çykarjakdygyny bildiripdir.

Aýdylyşyna görä, bu Saddam Hüseýiniň ýeke-täk eseri däl. Ol ömründe üç sany powest çap etdiripdir. Ýöne olaryň hemmesinde awtor "Müallif" lakamy bilen görkezilipdir. Onuň ilkinji powesti 2000-nji ýylda çap edilipdir we "Zabiba we şa" diýip atlandyrylypdyr. Ondan soň onuň nobatdaky kitaplary 2001-nji we 2002-nji ýyllarda neşir edilipdir. 2003-nji ýylda bolan Yrak urşuna çenli Saddam Hüseýiniň kitaplary Yragyň mekdeplerinde ýörite okuw programmasynyň çäginde sapaklarda okadylypdyr.

XS
SM
MD
LG