Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: Hüjümiň yslamçy ekstremizm bilen bagly bolmagy mümkin


Germaniýanyň ýöriteleşdirilen polisiýasy 27 ýaşly siriýaly migrantyň ýaşan bosgunlar lageriniň golaýynda köçäni böwetledi, Ansbah, 25-nji iýul, 2016.
Germaniýanyň ýöriteleşdirilen polisiýasy 27 ýaşly siriýaly migrantyň ýaşan bosgunlar lageriniň golaýynda köçäni böwetledi, Ansbah, 25-nji iýul, 2016.

Bawariýanyň ýokary wezipeli polisiýa resmisi Germaniýanyň Ansbah şäherinde özüni partladyp, 12 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan siriýalynyň yslamçy ekstremizm bilen bagly bolandygyna ynam bildirdi.

Bawariýanyň içeri işler ministri Joahim Hermann “Gynansak-da, munuň janyndan geçen yslamçynyň hüjümi bolmagy örän ähtimal”, diýip 25-nji iýulda Germaniýanyň Dpa täzelikler agentligine aýtdy.

"Onuň has köp adamy öldürmek niýeti yslamçylyga gatnaşygyny açyk görkezýär”, diýip Herman belledi.

Polisiýa 27 ýaşly siriýalynyň 24-nji iýulda açyk meýdanda geçirilen saz festiwalynda özüni partladandygyny habar berdi.

Ady görkezilmedik bu adamyň birnäçe gezek ruhy taýdan, şol sanda öz janyna kast etmäge synanyşyk bilen bagly bejergi alandygyny german resmisi belledi.

25-nji iýulda irden Ansbah şäheriniň prokuraturasy hüjümçiniň maksadynyň näbelli galýandygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG