Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Panama Papers” galmagaly Hollywood kinofilmine öwrüler


"Panama Papers" logotipi
"Panama Papers" logotipi

“Panama Papers” maliýe galmagaly ahyrynda Golliwudyň (Hollywood) töründe özüne mynasyp orun tapypdyr.

"Reuters" habar gullugynyň bildirmegine görä, iki sany nemes žurnalistiň kitap görnüşinde taýýarlan maglumatlary golaýda "Netflix" atly kinofilm kompaniýasy tarapyndan tanymal režissýor John Wells tarapyndan kino öwrüler.

Bu şeýle temada surata düşürilen 4-nji kino bolar we aprel aýynda Panamada ýerleşýän "Mossack Fonseca" atly hukuk firmasynyň üsti bilen dünýäniň dürli ýerlerinde salgytdan daşlaşdyrylan pullaryň maýadarlar jemgyýetleri arkaly ogurlanandygyny subut edýän resminamalaryň çap edilmeginden soň režissýorlaryň üns merkezine öwrüler.

Şu aýyň başynda amerikaly režissýor Steven Solderbergh hem žurnalist Jake Bernstein tarapyndan çapa taýýarlanan "Dünýäniň syrlary" atly başga bir kitabyň esasynda "Panama galmagaly" barasynda bir kinofilm surata düşürjekdigini mälim edipdi.

"Netflix" atly kinofilm kompaniýasy beren beýannamasynda, nemes žurnalistler Frederik Obermaier we Bastain Obermaýeriň ýazan maglumatlaryndan ybarat bolan we iýun aýynda çapdan çykan "Panama Papers: Dünýäniň barly we güýçli adamlarynyň pullaryny nirede gizleýändiginiň anyklanmagy" atly kitabynyň awtorluk hakyny hem öz üstüne alandygyny mälim edipdir.

"Netflix" kompaniýasynyň wekili Ted Sarandos: "Bu kinofilm halk köpçüligine "täsin başdan geçirmeleri suratlandyrar". Şol sanda "Panama Papers" meýilnamasynda işlän halkara žurnalistler konsorsiumynyň agzalary hem kinofilmiň üstünde işlärler" - diýipdir.

XS
SM
MD
LG