Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýadaky türkmenistanly migrantlaryň durmuşy


Moskwanyň Gyzyl meýdançasy.
Moskwanyň Gyzyl meýdançasy.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň Orsýet hem edil Türkiýe ýaly türkmen migrantlarynyň ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde Russiýa türkmenistanly migrantlaryň agdyklyk edýän ýurtlarynyň biri bolup durýär.

Ýogsa-da soňky wagtlarda Russiýa garşy goýlan sanksiýalar ol ýurtdaky türkmen migrantlarynyň durmuş we iş şertlerine nähili täsir edýär? Türkmen migrantlary ykdysady durnuksyzlyklaryň dowam edýändigi aýdylýan döwürde nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler? Russiýadaky türkmen migrantlarynyň geljekdäki planlary näme?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Russiýadaky türkmenistanly migrantlaryň durmuşyna gönükdirýär. Gepleşige gatnaşyp, bu temada dünýä türkmenlerine maglumat bermek isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip bilerler.

Teswirleriňizi bolsa aşakdasy foruma galdyryp bilersiňiz

XS
SM
MD
LG