Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kipirde basylan türkmen migrantlar


Türk polisiýasy we migrant.
Türk polisiýasy we migrant.

Kipriň demirgazyk böleginiň metbugatynda soňky wagtlarda türkmen migrantlary barada köp maglumat çykyp başlady. Diňe soňky birnäçe günüň dowamynda ol ýerde birnäçe türkmen zähmet migrantlarynyň ogurlykda aýyplanyp, suda çekilip, soňra-da wagtlaýynça tussag edilendigi habar berilýär.

Belli bolşy ýaly Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň Türkiýe türkmen zähmet migrantlarynyň esasy ýykgyn edýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary barasynda türk metbugatynda yzygiderli maglumatlar çap edilýär. Ýöne indi Türkiýeden Kipriň demirgazyk bölegine gidip işleýän türkmenistanly zähmet migrantlary barada hem metbugatda çap edilýän maglumatlar köpelýär.

"Detaykibris" internet habar portalynyň düýn çap eden maglumatynda, Kipriň demirgazyk bölegindäki Magusa şäheriniň "Palm Beach" atly deňiz ýakasynda ogurlykda aýyplanan Türkmenistanyň raýaty Merdan Mehmanow bilen Baýram Halbaýewiň wagtlaýynça tussaglyk möhleti gutaransoň, olaryň jenaýat işine gaýtadan Magusa kazyýetinde garalandygyny ýazýar. Habarda aýdylyşyna görä, ogurlykda aýyplanýan türkmen migrantlarynyň sud işiniň tamamlanmagy üçin olary ýene 1 aý tussaglykda saklamak barada karar çykarylypdyr.

“Resmileriň metbugata beýanat bermegi gadagan”

Olaryň işini derňeýän kazyýet işgäri Mehmet Emin Dogan ogurlykda aýyplanýan Merdan Mehmanow bilen Baýram Halbaýewiň 4-nji awgustda "Palm Beach" atly deňiz ýakasynda Ibrahim Teke atly raýatyň gapjygyny ogurlap, onuň içindäki 560 türk lirasy ($190) möçberindäki puluny alandygyny belleýär. Derňew işiniň tamamlanandygyny ýatladan Dogan 2012-nji ýyldan bäri Demizgazyk Kipr türk respublikasynda wizasyz gaçgak ýagdaýda gezen türkmen raýaty Mehmanow bilen 2010-njy ýyldan bäri ol ýerde wizasyz ýaşan türkmen raýaty Halbaýewiň jenaýat işleriniň ahyrky netijesi belli bolýança, 3 aýa çenli tussagykda saklanmagyny talap edýär.

Magusa kazyýetiniň sülçüsi Hazal Hajymulla bolsa ogurlykda aýyplanýan türkmenistanly raýatlar Merdan Mehmanow bilen Baýram Halbaýewi, olaryň jenaýat işleri doly tamamlanýança, 1 aýdan geçmejek möhletde tussaghanada saklamak kararyna gelipdir.

Azatlyk Radiosy tussaglykda saklanýan türkmenistanly raýatlaryň ýagdaýlary barasynda Kipriň demirgazygyndaky degişli resmilerden maglumat almaga synanyşsa-da, olar "resmileriň metbugata beýanat bermegi gadagan diýen kanun bar" diýip, bu ugurdan jogap bermekden ýüz öwürdiler.

“Türkmenistanyň raýatlarynyň ýagdaýlary gaty bulaşyk”

Azatlyk Radiosy Kipriň türklere degişli demirgazyk bölegindäki metbugatda çap edilýän türkmen zähmet migrantlary barasyndaky maglumatlar bilen baglanyşykly köp ýyldan bäri ol ýerde işläp ýören bir türkmen raýaty bilen söhbetdeşlik geçirdi. Özüni Myrat diýip tanadan türkmen migranty bu barada şeýle gürrüň berýär:

"Kipriň demirgazygynda aýlyklar ýokary we Türkiýäniň üstünden [bu ýere] gelmegem gaty aňsat bolansoň, Türkmenistanyň raýatlary bärik gaty köp ýykgyn edýärler. Soňky wagtlarda bärde türkmenistanly migrantlar gaty köpeldi we olaryň aglaba köpçüligem wizasyz ýagdaýda. Onsoň köpçüligiň bar ýerinde problemalaram köpelýär. Meniň pikrime görä, siz bärdäki türkmen raýatlary barada metbugatda käýarym çap edilýän "ýeňil-ýelpaý" habarlara duş gelýärsiňiz. Aslynda bärde Türkmenistanyň raýatlarynyň ýagdaýlary gaty bulaşyk. Meniň pikrimçe, eger metbugata maglumat taýýarlanjak bolsa, siziň mysal getiren ogurlyklar baradaky habarlaryňyzyň ýanynda Türkiýäniň üsti bilen Kipriň demirgazyk bölegine getirilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň adam söwdasy, ten söwdasy, neşe söwdasy ýaly bikanun işlere gatnaşmagy hakda hem materiallar taýýarlansa, gaty ýerlikli bolardy. Bärde soňky wagtlarda ýeňil eklenjiň ugrunda bolan Türkmenistanly migrantlar köpelensoň, kriminal işlerem köpeldi. Onsoňam, Kipriň demirgazyk böleginde nirä barsaň, haýsy tarapa seretseň, ýollaryň ugrunda we köprüleriň aşagynda, ýagny islän ýeriňde, birnäçe türkmenistanly migranty görseň bolýar".

Ýatlap geçsek, "Kıbrıs Gazetesiniň” geçen aýyň ahyrynda çap eden habarynda Kipriň demirgazyk bölegindäki Girne şäheriniň bir supermarketinde kassir bolup işlän Akgül Azymowa atly Türkmenistanyň raýatynyň hojaýnynyň arz-şikaýaty bilen tussag edilendigi mälim edildi.

Habarda aýdylyşyna görä, polisler howpsuzlyk kameralarynyň wideoýazgylaryny derňemäge başlanda, türkmen raýaty Azymowa bir ýylyň dowamynda dükanyň kassasyndan 15 müň türk lirasy ($5000) möçberinde pul ogurlandygyny boýun almaly bolýar.

“Jemgyýetiň rahatlygyna we düzgünine zarba”

Gazet, Türkmenistanyň raýaty Akgül Azymwanyň işine Girne kazyýetinde baş sülçi Banu Soýer tarapyndan garalandygyny, Girne polis müdürliginiň işgäri Mehmet Demirjioglunyň bolsa derňew işiniň doly tamamlanmagy üçin aýyplanýanyň 3 gün tussaglykda saklanmagyny isländigi we şeýlelikde ol türkmen migrantynyň tussag edilendigini ýazypdy.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň ýaşaýjysy Akgül Azymowanyň ykbaly bilen gyzyklanyp, degişli resmilerden maglumat almaga synanyşdy. Adynyň agzalmagyny islemedik bir organ işgäri Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolup, Demirgazyk Kipr türk respublikasynda bikanun işleýän we ýaşaýan türkmenistanlylaryň aşa köpelmegi bilen bidüzgünçilikleriň hem artmaga başlandygyny öňe sürýär.

Ol şol bir wagtyň özünde ençe ýyldan bäri çözülmän gelýän we ünsden düşürilýän migrant meseleleri sebäpli indi bu problemanyň tutuş jemgyýetiň rahatlygyna we düzgünine zarba urýan derejä ýetendigini nygtaýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan şol organ işgäri: "Türkmenistanyň Demirgazyk Kipr türk respublikasyny ykrar etmeýändigi üçin, ol ýerdäki türkmen migrantlar bilen gyzyklanmaýan bolmagy mümkin. Bar, aýdaly, Türkmenistan biziň respublikamyzy ykrar etmeýär diýeli, onda näme üçin Türkiýedäki türkmen migrantlary bilen gyzyklanmaýar? Onsoňam, Türkmenistanyň resmileriniň türk kärdeşlerinden türkmen migrantlary barada metbugata maglumat berilmezligini haýyş edýändikleri barada gürrüňler bar. Biz bärde köp türkmen migrantlary bilen gürrüňdeş bolýarys. Olaryň hemmesi Türkmenistanda güzeran ýagdaýlarynyň diýseň ýaramazdygyndan we resmileriň raýatlara eýe çykmaýandygyndan nägile. Hakykaty gizlemek ýa-da olary kabul etmezlik türkmen migrantlarynyň problemalaryny çykgynsyz ýagdaýa salýar. Bu ýagdaý Türkmenistan üçin halkara arenada abraý däl ahyryn" diýip, metbugatyň üns merkezine öwrülen türkmenistanly migrantlaryň başdan geçirýän ýagdaýlary barada öz pikrini beýän edýär.

Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň we Stambuldaky konsullygynyň işgärleri bolsa, Azatlyk Radiosyna interwýu bermekden ýüz öwrüp, telefonda Türkiýede we Kipriň demirgazygynda "hiç hili [türkmen] zähmet migrantynyň ýokdugyny, olaryň gezmäge gelen turist türkmen raýatlarydygyny, şonuň üçinem aýdylyşy ýaly "migrant problemasynyň" ýokdugyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG