Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky ‘keseki’ türkmenler


Turkmenistan. women sits at road-side
Turkmenistan. women sits at road-side

Daşoguzly Yhlas eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri özüni Türkmenistanda bir keseki, gereksiz, bigäne adam hökmünde duýup gelýär.

Ýigrimi ýaşyny tegeläp barýan Yhlas 1995-nji ýylda Garagalpagystandan ejesiniň dogduk mekany bolan – Türkmenistana dolanyp gelendiklerini, şondan soň hem dürli, şol sanda býurokratik we ruhy sütemler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny gürrüň berýär.

“Meniň asly türkmenistanly ejem 1983-nji ýylda Garalpagystandaky türkmenlere gelin bolup düşýär. Maşgaladaky käbir ýagdaýlar sebäpli, 1995-nji ýylda biz ejemiň atasy öýüne – Daşoguza dolanyp geldik. Şol döwürde men ýedi ýaşyndaky çagadym” diýip, Yhlas Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýdýar.

Yhlas şol pursat ejesiniň wagtlaýyn hasaba alnandygyny, özüniň bolsa ýaşaýan ýeri boýunça ýazga-da goýulmandygyny, häzirki güne çenli öz durumy bilen baglylykda hiç hili resminamanyň-da berilmändigini aýdýar.

“Ilki geläýenimizde, bize ‘ýedi ýyl garaşyň, soňra raýatlyga kabul edilersiňiz’ diýildi. Ýyllar geçdi, hiç zat üýtgemedi. Maňa ne şol pursat, ne-de häzir bäş ýyl möhlet bilen berilýän ‘ýaşaýyş rugsady’ diýen dokumenti-de bermediler. Eýýäm, 20 ýyllap ‘blankamyz ýok, garaşyň’ diýip, başdansowma jogap berýärler’ diýip, Yhlas başdan geçiren ýagdaýlaryny birin-birin aýdyp berýär.

Bir adamynyň Türkmenistanyň doly raýatlygyna alynmak meselesiniň gönümel ýurduň prezidentiniň karary bilen çözülýändigi sebäpli, Yhlas soňra Migrasiýa gullugyna, prezidentiň adyna degişli arzalar bilen ýüz tutup başlaýar. Emma ýüz tutan edarasyndan ýagşy-ýaman jogap gelmeýär we oňa derek Yhlas Milli howpsuzlyk gullugynyň ýerli edarasyna çagyrylýar.

Yhlas howpsuzlyk işgärleriniň oňa: “Gül ýaly durmuşyň bar. Şu günüňe şükür edipjik geziber. Arza zat bilen işiň bolmasyn” diýip, tabşyrandyklaryny aýdýar.

Emma Yhlas, Milli howpsuzlyk işgärleriniň aýdyşy ýaly asla “gül ýaly durmuşynyň” ýokdugyny, tersine, raýatlygyň, pasportyň ýoklugy sebäpli ne okuw okap, ne işe ýerleşip, ne-de kadaly maşgala gurup bilýändigini aýdýar.

Yhlas gündelik duş bolýan kynçylyklary şeýle suratlandyrýar: “Men özümi süňňüm-ganym bilen türkmen saýýaryn. Emma dokumentim ýoklugy sebäpli, baran gapymy [öňümde] ýapýarlar. Ýazan arzalarymyň sany ýüze hem ýetendir. Hiç hili netije ýok. Günde-günaşa ýerli organ işgärleri haýbat atyp, pul salgydyny salýarlar”.

Elbetde, bu diňe Yhlasyň başyndaky kynçylyk däl. Türkmenistana daşardan gelen gelinleriň ýa-da etniki türkmenleriň dokument alyp bilmän onlarça ýyllap kösenip gelýändikleri barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Daşoguzly ýene bir zenan Arazmädowa Gurbantäç hem Azatlyk Radiosyna eýýäm 20 ýyldan bäri Türkmenistanyň raýatlygyny alyp bilmän kösenýändigini, soralýan dokumentleri ençeme tapgyr tabşyrsa-da, hiç hili netije bolmandygyny gürrüň berdi.

18 ýyl mundan ozal Daşoguza göçüp gelen Gurbantäç daýza nägileligini bildirip, Migrasiýa gullugyna baranynda, onuň ýerli bölüminiň işgärleriniň “prezidentiňi hem şu taýa getirseň, saňa dokument ýok” diýip, ýüzüni alyp goýberýändiklerini gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň Daşoguz bölümi bilen habarlaşsa-da, hiç hili degişli kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, 2014-nji ýyla çenli ýurtda daşardan gelen 18 müň adama Türkmenistanyň raýatlygy berlipdir.

Şol bir wagtda-da Yhlas we Gurbantäç daýza ýaly ýene-de ýüzlerçe adamlaryň, olara ýerli häkimiýetleriň degişli raýatlyk dokumentlerini bermeýändigi sebäpli, gündelik durmuşda her ädimde diýen ýaly dowamly kynçylyklary çekip ýaşamaly bolýarlar.

XS
SM
MD
LG