Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Serhet we prokuratura ýolbaşçylary käýinç aldy


Türkmenistanyň prezidenti Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda
Türkmenistanyň prezidenti Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda

Türkmenistanyň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda Döwlet serhet gullugynyň başlygyna we baş prokurora käýinç berildi we olaryň öz ýolbaşçylygynyň astyndaky edaralarda disiplina hem tertip-düzgüne gözegçiligi gowşadandygy aýdyldy.

Resmi maglumatlarda ýokary derejeli resmileriň goýberen kemçilikleriniň anyk sebäpleri görkezilmedi.

23-nji awgustda geçirilen bu maslahatda Türkmenistanyň prezidenti, hökümet baştutany, ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi G.Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň prokurory P.Akmämmedowy wezipesinden boşatdy we prokuratura organlarynyň birnäçe işgärini işden boşatmak hem işe bellemek barda kararlara gol çekdi.

Resmi maglumatlara görä, ýurduň harby we kanun goraýjy edaralarynyň ýylyň ýedi aýynyň dowamynda eden işlerine baha berilip geçirilen maslahatda ýurduň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny bellemek üçin oktýabrda geçiriljek harby parad üçin taýýarlyklar barada hem hasabat berildi.

XS
SM
MD
LG