Gyrgyzystan 27-nji awgustda Moskwanyň bir ammarynda bolan ýangynda gyrgyzystanly migrant işçileriň 17-si heläk bolandan soň, ýurt boýunça bir günlük ýas yglan etdi.
29-njy awgustda Gyrgyzystanyň çägindäki baýdaklaryň ählisi ýarysyna çenli aşak düşürildi we prezident Almazbek Atambaýewiň gol goýan kararyna laýyklykda köpçülikleýin dabaraly çäreleriň ählisi goýbolsun edildi.
Şeýle-de, Gyrgyzystandaky bu ýas güni 27-nji awgustda ýol heläkçiliginde wepat bolan başga-da dokuz gyrgyz raýatynyň hormatyna yglan edildi.
Atambaýew bu wakalaryň “ähli gyrgyz raýatlary üçin agyr ýitgi bolandygyny” aýtdy.
Şeýle-de, ol ýerli häkimiýetlere wakalarda pida bolanlaryň maşgalalaryna kömek etmegi tabşyrdy.
Bu aralykda, Moskwada raýatlary ýangynda heläk bolan gyrgyz raýatlaryna gynanç bildirmek üçin Gyrgyzystanyň ilçihanasynyň öňünde gülleri goýdular.