Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Manbijde siriýaly kürtler öz ýaraglanşygyny güýçlendirýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan.

29-njy awgustda Siriýanyň demirgazygyndaky Manbij şäherinde siriýaly-kürt “ÝPG” (Halk goranyş birligi) söweşijileriniň öz ýaraglanşygyny güýçlendirýändigi habar berilýär. Bu maglumat gürrüňi edilýän sebitiň golaýynda Türkiýäniň harbylary we Türkiýe tarapyndan goldanylýan siriýaly pitneçi topar öz söweş pozisiýalaryny eýeleýän pursadyna gabat geldi.

Emma 29-njy awgustda Manbijiň daş-töwereginde Türkiýäniň ýolbaşçylygyndaky harby güýçler ýerleşdirilýän mahaly, Siriýanyň kürt milisiýasynyň metbugat wekili bu maglumatlary inkär edýär.

Onuň sözlerine görä, siriýanyň demirgazygyndaky kürt söweşijileri Ýefrat derýasyndan gündogarda galmalydygy barada hem Ankara, hem ABŞ tarapyndan edilen duýduryşa eýerýärler.

Şu ýylyň awgust aýynyň başynda Manbij şäheriniň kontrollygyny Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan siriýaly kürt söweşijileri “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerinden yzyna alypdy.

Halk goranyş birleşigi YD-a garşy söweşýän hem bolsa, Türkiýe olaryň türk serhediniň boýunça territoriýa eýelemegini we bikanun diýlip yglan edilen Kürdistan Işçiler partiýasynyň türk pitneçileri bilen arabaglanyşyk gurmagyny islemeýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG