Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ýadro desgasynda rus raketa ulgamy ýerleşdirildi


Eýranyň döwlet telewideniýesinde “Fordo” ýadro desgasyndaky “S-300” kysymly raketa göteriji sistema görkezildi.
Eýranyň döwlet telewideniýesinde “Fordo” ýadro desgasyndaky “S-300” kysymly raketa göteriji sistema görkezildi.

Eýranyň resmileri ýurduň “Fordo” atly ýadro desgasyny goramak üçin Orsýetde öndürilen we uzak aralyga uçýan täze raketa ulgamyny ýerleşdirendigini aýdýar.

Eýranyň howa goranyş ulgamynyň komandiri general Farzal Esmaili 28-nji awgustda döwlet eýeçiligindäki “IRIB” telekanalyna beren maglumatynda ýurduň ýadro desgalaryny goramak “ähli şertlerde” ilkinji orunda durýar diýdi.

Şeýle-de, ol “häzirki wagtda Eýranyň asmanynyň regiondaky iň howpsuz howa giňişlikleriniň biridigini” belledi.

Eýranyň döwlet telewideniýesinde “Fordo” ýadro desgasyndaky beýleki ýaraglar bilen birlikde “S-300” kysymly raketa göteriji sistema görkezildi.

XS
SM
MD
LG