Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara güni bellenýär


Türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler
Türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler

30-njy awgust Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara günidir.
BMG-sy zor bilen ýitirim edilmeleriň global problemasyna öwrülendigini belleýär. “Bir wagtlar harby diktaturanyň önümi bolan zor bilen ýitirim edilmeler şu günki gün içerki konfliktleriň çylşyrymly ýagdaýlarynda amala aşyrylyp, esasan garşydaşlar babatyndaky syýasy repressiýalar üçin ulanylýar”, diýlip BMG-niň maglumatynda bellenýär.

Türkmen hökümeti ýurtda syýasy tussaglaryň we zor bilen ýitirim edilenleriň ýokdugyny aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary bolsa türkmen türmelerinde onlarça adamyň dereksiz ýitendigini, olaryň köpüsiniň 2002-nji ýylyň noýabr aýynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýilýän wakalara gatnaşmakda aýyplanyp tussag edilen adamlardygyny aýdýarlar.

“Olary diri görkeziň!” atly kampaniýanyň düzen tussag edilip ykbaly näbelli galýanlaryň sanawynda 87 adamyň ady görkezilýär.

BMG-niň Baş assambleýasynyň dünýäniň dürli regionlarynda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň artmagyna aladalanma bildirip, 2010-njy ýylda Ähli adamlary zor bilen ýitirim edilmeginden goramak boýunça halkara konwensiýasyny kabul etdi we 30-njy awgustda Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara gününi bellemegi karar etdi.

XS
SM
MD
LG