Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Samarkant: Yslam Kerimow topraga berilýär


 Samarkant
Samarkant

Samarkandyň taryhy Registan meýdançasynda Yslam Kerimowyň jaýlanyş dabarasyna, jynazasyna müňlerçe adam toplandy.

Daşary ýurtlardan Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew, owgan prezidenti Aşraf Gani, täjik prezidenti Emomali Rahmon we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geldi.

Goňşy Gazagystan we Gyrgyzystan Kerimowyň jaýlanyş dabarasyna öz premýer-ministrlerini iberdi.

Döwlet telewideniýesi biraz öň Kerimowyň milli baýdak örtülen tabydynyň, Daşkentden alnyp gaýdylanyndan biraz soň, Samarkandyň halkara aeportyna getirilişini görkezdi.

Kerimowyň aýaly Tatýana we onuň kiçi gyzy Lola Tillaýewa-Kerimowa tabydyň yzyndan ýöredi.

Müňlerçe adam köçeleriň gyrasynda, Kerimowyň jesediniň uçar meýdanyndan şäheriň içi bilen getirilýän ýolunuň boýunda hatara durdy. Döwlet telewideniýesi Samarkandy Kerimowyň dogduk mekany diýip atlandyrdy.

Kerimowyň tabydy ýüklenen maşyn kerweni biraz öň Daşkendiň esasy köçesinde hem, hatara duran adamlaryň öňünden alnyp gaýdylypdy.

Ýas tutýanlaryň köpüsi, gözleri ýaşly, merhumyň gölegçi kerweniniň öňüne gül çemenlerini düşedi.

Rus habar serişdeleri Samarkantdaky resmilere salgylanyp, Kerimowyň jesediniň golaýdaky gonamçylykda jaýlanmazyndan öň, şäher meýdançasynda hoşlaşyk üçin goýuljakdygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG