Rim papasy Fransis Watikanda Tereza enäni Katolik ybadathanasynyň öwlady diýip jar etdi.
Rimiň merhemetli Piter skwerine, kalkuttaly Tereza enäniň Rim Katolik ybadathanasynyň öwlady edilmegine bagyşlanan dini çärä müňlerçe adam toplandy.
4-nji sentýabrdaky çäre öz ömrüni Hindistanyň Kalkutta, häzir Kolkata diýip bilinýän şäherinde garyp-gasarlara kömek bermäge bagyşlan Tereza enäniň ölüminden 19 ýyl soň geçirilýär.
Bu çärä 100 müňden gowrak adam gatnaşdy.
1910-njy ýylda etniki alban maşgalasynda, häzirki Makedoniýada doglan (Agnese Gonxha Bojaxhiu) Tereza 16 ýaşynda monahiniýa bolup, 1929-njy ýylda Hindistana göçýär we 1950-nji ýylda özüniň ilkinji sahawatlylyk missiýasyny açýar.
Tankytçylar Tereza enäniň we onuň sahawatlylyk guramasynyň bejerip bolmaýan hassalara hem-de garyplyga sebäp bolýan zatlaryň köküni köwlemäge az kömek edendigini aýdýarlar.
Şeýle-de ol Hindistandaky çäresiz adamlary hristiançylyga yrjak bolmakda aýyplanýar. Tereza enäniň missiýasy bu aýyplamany ret edýär.