Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Britaniýanyň premýer-ministri Maý bilen ilkinji gezek duşuşdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý, Hangzhou, 5-nji sentýabr, 2016
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý, Hangzhou, 5-nji sentýabr, 2016

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý 5-nji sentýabrda birinji gezek gepleşik geçirdiler.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow “Uly 20” guramasynyň sammitiniň çäginde Hytaýyň Hangzhou şäherinde geçirilen duşuşygyň “gowy, konstruktiw we açyk” bolandygyny žurnalistlere aýtdy.

Britaniýanyň Orsýet bilen gatnaşyklary, aýratynam Londonda zäherlenen Kremliň tankytçysy Aleksandr Litwinenkonyň işini derňemek boýunça mesele bilen baglylykda soňky ýyllarda ýaramazlaşypdy.

Şeýle-de Britaniýa Günbataryň Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy boýunça Moskwa garşy sanksiýa girizmegiň esasy tarapdarlarynyň biridi.

Synçylar Britaniýanyň Ýewropa Bileleşigini (ÝB) terk etmek kararynyň Putin üçin bähbitli bolup biljekdigini aýdýarlar we onuň ÝB-niň agzalarynyň arasyny bozmaga synanyşygynda aýyplanandygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG