Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan yslamçy partiýanyň liderlerinden bir zenany boşatdy


“Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” tarapdarlary, Duşenbe, 2015.
“Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” tarapdarlary, Duşenbe, 2015.

Täjigistan gadagan edilen “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” ýokary derejeli resmilerinden diňe bir zenany tussaglykdan boşatdy.

Zurafo Rahmoniniň maşgalasynyň 6-njy sentýabrda aýtmagyna görä, ol 5-nji sentýabrda köpçülikleýin amnistiýanyň dowamynda iki ýyllyk tussaglyk möhletinden azat edilidir.

“Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” ýolbaşçylarynyň geňeşçisi Rahmoni partiýanyň beýleki 13 lideri bilen bilelikde geçen ýyl tussag edilipdi.

Bu topar 2015-nji ýylyň sentýabrda aýynda häkimiýeti basyp almaga synanyşmakda aýyplanan öňki goranmak ministri Abduhalim Nazarzoda bilen gatnaşykda günälenipdi.

Täjik resmileri Nazarzodanyň polisiýa stansiýasyna we ýarag saklanýan ýere edilen hüjüme ýolbaşçylyk edendigini aýdýarlar. Şol hüjümler zerarly 26 adam wepat boldy. Nazarzodanyň hökümet güýçleriniň geçiren çäreleriniň netijesinde öldürilendigi habar berildi.

Häkimiýetler “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasyny” gozgalaňy gurnamakda aýypladylar we ony “ekstremist we terrorist” gurama hökmünde gadagan etdiler.

Partiýanyň ýolbaşçysynyň iki orunbasary ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi, beýleki 11 ýolbaşçysy 14 we 28 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýurduň daşynda ýaşaýan partiýanyň lideri Muhiddin Kabiri täjik häkimiýetleriniň aýyplamalaryny ret edýär.

Täjigistanda geçirilen amnistiýa 12 müň adama degişli boldy.

XS
SM
MD
LG