Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hristianlarda-da özüňi zynjyrlanmak bar ekeni


Italiýa - Guardia Sanframondidäki dini dabarada özüni zynjyrlaýanlar
Italiýa - Guardia Sanframondidäki dini dabarada özüni zynjyrlaýanlar

Özüňi zynjyrlamak, ýagny öz bedeniňe zynjyr bilen urmak, yslam dininiň şaýy meshebine mahsus bir däpdir. Ýöne, bu adatyň taryhy şaýylykdan has owalky döwürlerden başlaýandyr. Onda-da hut hristianlyk bilen baglanşyklydyr.

Edil häzirki döwürde hem Ýewropanyň käbir hristian toparlarynyň gurnaýan dini dabaralarynda özüňi zynjyr bilen urmak adatyna duş gelse bolýar.

Meselem aşakdaky wideolarda Italiýanyň Guardia Sanframondi şäherinde geçirilen bir dini dabaradan käbir pursatlar görkezilýär.

Dini dabara Isa pygamber bilen Merýem enäniň hormatyna gurnalýar we oňa ak eginbaş geýen flagellantlar (flagellant - hristianlykda özüňe howp salmak. Bu barada aşakda maglumat berilýär) hem gatnaşýarlar. Olaryň ýüzi görünmeli däldir.

Olar eginlerine zynjyr ýa-da gamçy bilen urýarlar. Bedene urmak üçin çüýli tagtalardan hem peýdalanylýar. Ýokanç kesel döremez ýaly çüýli tagta şerap bilen ýuwulýar.

Dini dabaranyň ýöreýşine özüni zynjyr bilen urýan çagalar hem gatnaşýarlar. Ýöne ýeri gelende belläp geçmeli bolsa, şaýylaryň dini dabaralaryndan tapawutlylykda Italiýada flegelýantlar zynjyry öz bedenlerine erbet zeper ýetirmez ýaly edip urýarlar.

Owalky zamanlarda öz bedeniňe urmak adatynda gaty köp gan dökülýär ekeni. Çüýli tagtalar bilen diňe bir eginlere däl, galyberse-de bedeniň beýleki ýerlerine hem urulýan ekeni. Meselem, 60-njy ýyllarda Italiýada surata düşürilen bu wideodaky yaly...

Özüňi zynjyr bilen urmak adaty hem owalky döwürlerde bedenden kan akytmak maksady bilen ýerine ýetirilýän ekeni.

"Özüňi ýençmek dini adaty berjaý edilýän mahaly gamçylaryň her tary olaryň bedenine ilişende goparýan etleri hem diwara tarap zyňylyp gidýärdi" - diýip, gadymy flagellant dinidabaralary hakda taryhy çeşmelere salgylanan orta asyrda ýaşan nemes filosofy Genrih Suzo ýazypdyr.

Flagellant - dini maksat bilen özüňi ýençmek hereketi 13-nji asyrda döräpdir. Şeýle görnüşdäki dini ybadatlar, adamyň pany dünýä degişli bir jisim bilen öz bedenine jeza bermegi netijesinde öz nebsini jylawlamagy maksat edinilipdir. Adamlaryň özüni jençmegi ybadaty halka açyk ýagdaýda meýdançalarda, köçelerde we şol bir wagtyň özünde hem öýlerde ýerine ýetirilipdir.

Her bir flagellantyň öz ýany bilen göterýän tikenli gamçysy ýa-da zynjyry bolupdyr.

Muzeýdäki bir flagellantyň gamsyçy
Muzeýdäki bir flagellantyň gamsyçy

Flagellantlar, kada görä buthanalarda jemlenşip, içki geýimleri bilen doga we aýdym aýdyp, buthananyň guramaçylygynda haçly ýöreýişler (dini çäreler) durmuşa geçiripdirler.

Ondan soň olar arassalanmak isleýän günäleriniň aýratynlygyna görä, tapawutly görnüşde meselem: zyna edenler ýüzün ýatyp, adam öldürenler arkan ýatyp öz eginlerine zynjyr bilen urgama başlapdyrlar. (Bu dini dabara buthananyň gaty uly günä hasamlaýan etmişlerini edenler hem gatnaşypdyrlar).

Zynjyr bilen özüňi urmak ybadatlary diňe flagellantyň bedeninden ganyň topugyna çenli şarlap akmagyndan soň goýbolsun edilýär.

Flagellanlar, dindarlygyň (özüňi dünýäniň näz-nygmatlaryndan mahrum etmek, jemgiýetden, adamlardan özňelikde dini ygtykatlary berjaý edip ýaşamak) iň hupbatly görnüşini berjaý edýärler. Olar aýal maşgalalar bilen jynsy atagatnaşyk gurup bilmeýärler we hat-da olar bilen gepleşmek hem gadagandyr. Eger-de olardan biri bu kadany pozan mahaly, dini ýolbaşçynyň öňünde halka açyk ýagdaýda toba ybadatyny ýerine ýetirmeli bolýar.

Flagellantlara diňe ýönekeýje azyk önümleri iýmäge we şol bir wagtyň özünde hem diňe samanyň üstünde ýatmaga rugsat berilýär. Şeýle dini janköýerlige halk köpçüligi hem uly hormat goýupdyr. Şonuň üçinem, flagellantlaryň gelenini gören adamlar olaryň daşyna üýşüp, olara öz töründe myhman bolmagy teklip edipdirler.

Guardia Sanframondide dini dabara
Guardia Sanframondide dini dabara

Köpçülikleýin ýagdaýda durmuşa geçirilýän özüňi zynjyr bilen urmak ybadaty, köpçülikleýin görnüşde toba etmek hasaplanypdyr. Köpçülikleýin ýagdaýda geçirilen şeýle ybadatlar ilkinji gezek demirgazyk Italiýada gurnalypdyr.

Esasanam gysga wagtda ahyrýetiň boljagyny we şol meşhur güniň golaýlandygyny habar berýän "bilgiçleriň" tagallalary, şeýle dini ybadatlarda günälerinden arassalanmak isleýänleriň sanyny köpeldipdir.

Taryhçylaryň bellemegine görä, jemgiýetde haýsy gatlaga degişli bolandygyna garamazdan, ulydan kiçä ähli adamlaryň gatnaşmagynda giňgerimli ýagdaýda özüňi zynjyr ýa-da gamçy bilen ýençmek ybadatlary yzgiderli ýagdaýda durmuşa geçirilipdir.

1344-nji we 1349-njy ýyllaryň arasynda taun epidemiýasynyň köpçülikleýin ýaýramagy bilen, özüňi zynjyrlap ýençmek ybadaty hem bütin demirgazyk hem merkezi Ýewropada ýaýrawly ýagdaýa gelipdir.

Gurnalýan köpçülikleýin ýöreýiş çärelerinde adamlar özüni zynjyr bilen ýenjipdir. Olar, taun ýokanç keselini eden günälerine göra taňrynyň iberendigine we hut şeýle ybadatyň hem olary günälerinden saplajagyna ynanypdyrlar.

Inkmar Berkmanyň "Ýedinji möhür" atly kinofilminda hem taun döwrüniň flagellant ýöreýiş çäreleri suratlandyrylypdyr. Dini ýöreýiş çäresine gatnaşýanlar özüni we şol bir wagtyň özünde hem birek-biregini ýenjipdirler.

Ilki başda ýagny irki döwürlerde katolik buthanasy şeýle ybadat görnüşine hiç zat diýmedik hem bolsa, 1349-njy ýylda Rim papasy 6-njy Kliment flagellantlygy gadagan edipdir.

Özüni zynjyr bilen ýençýänleriň köpelen döwründe katolik buthanasynyň ýönekeý halkyň arasynda täsiriniň azalandygyna göz ýetiren ruhanylar, soň bu dini herekete garşy çykmak pikrini maslahatlarda jedelleşip ugrapdyrlar. Bu şol bir wagtyň özünde flagellantlaryň hristian ruhanylary gaty täsirli tankyt edýändigi bilen hem arabaglanşykly bolupdyr.

Flagellantlygyň öňüniň alynmagy onlarça ýyla çekipdir. Germaniýadan galan bütin Ýewropadaky flagellantlar sem edilipdir. Germaniýanyň flagellantlary bolsa ybadatlarynyň gurnalşyny üýtgedip, olary gizlinlikde geçirmäge başlapdyrlar. Iň soňky nemes flagellantlary bolsa, 1480-nji ýyllarda geçirilen saplaýyş çärelerinde oda ýakylyp, ýok edilipdir.

Häzirki döwürde flagellantlygyň mirasdüşerleri Ispaniýa, Italiýa, Filippin we ýene şuňa meňzeş birnäçe ýurtlarda öz ybadatlaryny gurnamaga dowam edýärler.

XS
SM
MD
LG