Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paralimpiada: türkmen türgeni şowsuzlyga uçrady


Rioda geçýän Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistana iki türgen wekilçilik edýär.
Rioda geçýän Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistana iki türgen wekilçilik edýär.

Rioda geçýän Paralimpiýa oýunlarynda sportuň powerlifting görnüşi boýunça Türkmensitana wekiliçlik edýän türgen şowsuz çykyş etdi.

72 kilograma çenli erkekleriň arasyndaky powerlifting bäsleşiginde türkmenistanly Sergeý Meladze – özüniň sargan – 190 kilogram agramlyk ştangany döşünden itip, galdyryp bilmedi. Meladzeniň üç synanyşygy hem şowsuz boldy.

“Parasport-news” neşiriniň berýän maglumatyna görä, ýekşenbe güni geçirilen bäsleşikde 36 ýaşly Meladze şowsuz çykyşyndan soň, maýyplar üçin arabajygyna münüp, “tukat ýagdaýda gidipdir”.

Meladze 2004-nji ýylda Afinylarda geçirilen tomusky Paralimpiýa oýunlaryna hem gatnaşyp, 152,5 kilogramlyk ştangany galdyryp, sekizinji orny eýelemegi başarypdy. Ol 2008-nji ýyldaky Paralimpiýa oýunlaryny sypdyrsa-da, 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Paralimpiadada altynjy orny alypdy. Meladze şonda 185 kilogramlyk ştangany götermegi başarypdy.

Sergeý Meladze 2014-nji ýyldaky Aziýa Para Oýunlarynda-da çykyş edip, 185 kilogramy galdyryp, kümüş medaly eýeläpdi. Ol 2014-nji ýylda Dubaýda geçirilen IPC Powerlifting Dünýä Çempionatynda 190 kilogramy galdyryp, ýedinji ýeri alypdy.

Ýaryşlarda çykyş etmek bilen birlikde, Meladze powerlifting boýunça tälimçi bolup hem işleýär. “Parasport-news” neşiri onuň Aşgabatdaky Maýyplar üçin sport mekdebine ýardam berýändigini nygtaýar.

Sentýabryň 7-18- i aralygynda Rioda geçýän Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistana iki türgen wekilçilik edýär. Duşenbe güni 73 kilograma çenli aýallaryň arasyndaky jim, ýagny iki eliň bilen ştangany itip galdyrmak bäsleşiginde Maýagözel Ekeýewa öz güýjüni synap görer.

XS
SM
MD
LG