Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hakerleri WADA-nyň maglumatlaryny syzdyrdylar


Bütindünýä Anti-doping agentligi
Bütindünýä Anti-doping agentligi

Bütindünýä Anti-doping agentligi (WADA) türgenleriň ýene-de bir toparynyň maglumatlarynyň haker topary tarapyndan syzdyrylyp çykarylandygyny mälim etdi. Agentlik bu hüjümiň-de şu hepdäniň başynda türgenleriniň şahsy maglumatlaryny syzdyryp çap eden şol bir rus haker topary tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

WADA häzir 25 maglumatň: ABŞ-dan 10, Germaniýadan we Britaniýadan 5, Çehiýa Respublikasyndan, Daniýadan, Polşadan, Rumynyýadan we Russiýadan hem 1 türgeniň şahsy maglumatlarynyň internetde çap edilendigini aýdýar.

Maglumatlary çap edilen türgenleriň 14-si Rioda geçen Olimpia oýunlarynda medally orunlary almagy başarypdylar. TASS gullugy sanawdaky rus türgeniniň boksçy Mişa Aloýan bolandygyny aýtdy. WADA beýleki sportsmenleriň şahsyýetleri barada maglumat bermedi.

Syzdyrylyp çykarylan maglumalarda türgenleriň “diňe terapewtiki maksatlar üçin” (TUEs) diýip ulanan däri-dermanlarynyň sanawy görkezilýär. Bu ýagdaýda adatça gadagan edilýän dermanlaryň, ykrar edilen medisina zerurlygy sebäpli, ulanylmagyna rugsat berilýär.

WADA hakerleriň bikanun ýagdaýda kompýuter ulgamyna girip, gürrüňi gidýän maglumatlary ele geçirendigini aýdýar.

WADA hakerleriň hüjümleri bilen Agentligiň rus hökümetiniň türgenleriniň kuwwatlandyryjylary ulanmagynda eliniň bardygyny açandygy üçin, özünden ar alynýandygyny öňe sürýär.

“Biz bu jenaýat hereketini ýazgarýarys. Biz rus hökümetine ýüzlenip, munuň öňüni almak üçin, elinde baryny etmegini soradyk” diýip, WADA-nyň baş direktory Oliwier Niggli aýtdy.

WADA bu kiber hüjümi APT28 we “Hyýaly aýylar” atly haker toparlarynyň amala aşyrandygyny aýdýar.

Maglumatlary ele geçirilen türgenleriň birnäçesi beýanat ýaýradyp, onda medisina zerurlygy sebäpli kadadan çykma hökmünde ulanmaga rugsat berlen däri-dermanlary ulanandyklaryny aýtdylar.

“Hyýaly aýylar” haker topary beýanat ýaýradyp, onda “Olimpik medallaryň nähili gazanylýandygyny görkezmek” isländiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG