Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gazprom" türkmen gazyny 2019-a çenli almaz


Aleksandr Medwedew
Aleksandr Medwedew

«Gazprom» türkmen tebigyny gazyny 2018-nji ýylyň aýagyna çenli satyn almaz we şu aralykda baha dawasyna çözgüt tapmaga synanyşar» diýip, «Kommersant.ru» neşiri bu kompaniýanyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedewe salgylanyp habar berýär.

Kommersant.ru neşiri bu pudakdaky çeşmelerine salgylanyp, «Gazpromyň» Türkmenistana özüniň bu ýurtdaky nebit-gaz çykarmak işlerine, häzire çenli diňe hytaýlylaryň goýberilen ýerine goýberilmegini teklip etmeginiň mümkindigini öňe sürýär.

Şeýle-de neşir,analitikleriň pikirine salgylanyp, Aşgabadyň bu teklibi kabul etjegine şübhe bildirýär.

Aleksandr Medwedewiň rus habar serişdelerinde giňden sitirlenýän sözlerine görä, «Gazprom» «Türkmengaz» bilen Stokgolmdaky arbitraž sudunda barýan seljerişligi togtadypdyr.

«Ýagdaýy analizlemek we potensial hyzmatdaşlyk mümkinçiligini tapmak üçin iki ýyl wagt aldyk, yzygiderli duşuşarys we maslahatlaşarys» diýip, ol sözüniň üstüni ýetiripdir.

Medwedewiň tassyklamagyna görä, taraplar gatnaşyklary toplumlaýyn ösdürmäge rahat ýagdaýda, arbitraž seljerişligini ara salmazdan seretmek barada ylalaşyga gelipdir.

«Kommersant.ru» bu pudakdaky çeşmelerine salgylanyp,«Gazpromyň» gepleşik pozisiýasynyň güýçlüdigini, sebäbi häzir «Gazproma» türkmen gazynyň düýpden gerek däldigini, şol bir wagtda Aşgabadyň beýle möçberdäki gazy Orsýetden başga ýere satmak mümkinçiliginiň ýokdugyny belleýär.

Ozal metbugatda çykan habarlar mälim bolşy ýaly, "Gazprom eksport" 2015-nji ýylyň iýun aýynyň başynda «türkmengaz» döwlet konsernini Stokgolmdaky arbitraž suda berdi.

Rus kompaniýasy şonda Türkmenistandan alynýan tebigy gazyň bahasyna gaýtadan seretmek şikaýatyny edipdi.

Mundan öň, ýagny 2015-nji ýylyň başynda resmi Aşgabat «Gazpromy» «Türkmengaz» döwlet konsernine alan gaz üçin bermeli bergilerini bermezlikde aýyplady.

Soňra, 2016-njy ýylyň ýanwarynda bolsa, "Türkmengaz" "Gazpromyň" 1-nji ýanwardan özi bilen baglaşan şertnamasyny wagtyndan öň ýatyrandygyny habar berdi.

Rus kompaniýasy bu şertnamany ýatyrmagynyň sebäbini «Türkmengazyň» ylalaşyk düzgünlerini bozmagy bilen düşündirdi.

Mundanam başga, "Gazprom" Türkmenistan bilen şertnamany ýatyrmak bilen bilelikde, 2016-njy ýylda Özbegistandan 4 milliard kub metr gaz almak baradaky şertnama gol çekdi.

XS
SM
MD
LG