Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nemesler Karl Marksyñ ýubileýinde 150 müñ turiste garaşýarlar


Karl Marksyñ doglan şäheri Trierdäki gyzyl çaýylan heýkelleri
Karl Marksyñ doglan şäheri Trierdäki gyzyl çaýylan heýkelleri

Dünýä belli nemes ykdysatçy we pelsepeçi Karl Marksyñ 200 ýyllyk ýubileýi mynasybetli onuň doglan şäheri Trierde ullakan ýubileý çäresine taýýarlyk görülýär. Bu hakda nemes DW radiosy habar berýär. Ýubileýiñ guramaçylary 21-nji sentýabrda geçiren metbugat ýygnagynda, geçiriljek ýubileý çäresiniñ dünýäniñ üns merkezine öwrülip, uly seslenme döretjekdigini nygtapdyrlar. “2018-nji ýylda Trier bütin dünýäniñ üns merkezine öwrüler" diýip, guramaçy Rainer Auts aýdypdyr.

Marksyñ doglan şäheri Trieriñ şäher häkimligi we şäheriň Reinland-Pfalz sebitiniñ resmileri bilelikde köpsanly sergi geçirmek isleýärler.

Ilkinji nobatda Marksyñ durmuşy we eden işleri barasynda "Karl Marks 1818-1883. Leben. Werk. Zeit” atly sergi geçiriler. Bu sergi Marksyñ ýaşan taryhy döwrüni suratlandyrar. Şäher häkimligi 2018-nji ýylda Trierde Karl Marksyñ öý muzeýini hyzmata girizmegi göz öñünde tutýar.

Marks bilen Engelsiñ Germaniýadaky bilelikdäki heýkelleri
Marks bilen Engelsiñ Germaniýadaky bilelikdäki heýkelleri

​Simeonstift muzeýi bolsa Marksyñ şahsy durmuşy, biografiýasy, maşgala durmuşy we ylaýta-da Friedrih Engels bilen dostlugy barasynda ýörite sergi gurnar.

Sergilerde, umuman alynanda, 400-500 eksponat halka hödürlener. Guramaçylyk topary geñeşi sergä 5.1 million ýewro harajat eder.

Dünýäniñ ähli künjeginden takmynan 150 müñ adamyñ Marksyñ doglan şäherine gelip görmegine garaşylýar.

Ýatlap geçsek, kommunizmiñ ruhy atalarynyñ biri bolan Marks 1818-nji ýylyñ 5-nji maýynda Tierde doglan hem bolsa, soñ Pariže we Londona göçüpdir. Ol 1883-nji ýylda dünýäden ötüpdir. Ol dogduk şäherinde ömrüniñ jemi 17 ýylyny geçiripdir. Onuñ "Kapital" we "Kommunistik partiýanyñ manifesti" atly eserleri dünýäniñ sosialistlerine ylham beripdi. Şeýlelikde, onuñ ady bilen "marksizm" hereketi döräpdi. Ol käbir eserini nemes pelsepeçi Friedrih Engels bilen bilelikde ýazypdy.

XS
SM
MD
LG