Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bu jaýda 'Allah ekber, 'Muhammet' sözleri ýazylypdyr


Alma-aty şäherindäki "Hruşşowka" jaýy.
Alma-aty şäherindäki "Hruşşowka" jaýy.

Bu ýagdaýa dürli garaýyşlar

Gazagystanyň Alma-aty şäheriniň esasy şaýollarynyň birinde nagyşlary bilen adamlaryň ünsüni çekýän bir jaý bar. Ol nagyşlar, ilkibada ýöne şeýle seredeniňde, gündogar nagyşlaryna meňzeýän ýaly. Ýöne bilermenler olaryň nägyş däl-de, arap hat sungatynyň nusgalarydygyny aýdýarlar. Ol hatlar Allanyň beýikdigini, päkdigini we rehimlidigini wasp edýär.

Alma-atydaky dinşynaslaryň käbir garaýyşlaryna görä, ol nagyşlar gümürtik ýagdaýa eýe. Bu ugurda tanymal hünärmen hasaplanýan Asylbek Orunbasarowyň beýan edýän pikrine görä, bäş gatly jaýyň daşynyň bezegi ýaly görünýän ol nagyşlar aslynda arapça ýazylan hatlardyr. Ilkibada olar nagyş ýaly bolup görünýänem bolsa, o taýda gadymy "kufi" sungatyna görä ýazylan Allany wasp edýän sözler bar.

"Subhanalla" - Alla kemçiliksizdir

"Arap dilinden terjime eden mahalyň ol ýerde "Subhan Allah" diýlip ýazylypdyr. Ýagny, Alla ähli kemçiliklerden saplanan kemçiliksizdir. Serediň, ynha, bu ýerde bolsa "Muhammet" ýazylypdyr" - diýip, Asylbek Orunbasarow ol ýeri barmagy bilen basyp görkezýär.

Ýeri gelende aýtsak, gürrüň sowet döwründe giňden belli bolan we käte-de hatda ýürekbulanç zat diýlip hasaplanan "Hruşşowka" diýlip atlandyrylýan jaý barada barýar.

Ýaşaýjylar jaýyň syrly daş keşbinden häzire çenli bihabar bolandyklaryny nygtaýarlar. Adamlar bu bezegiň hatda dini mazmunly nagyşdygyndan hem bihabar ekenler. Olar hiç wagt bu ugurda pikirem etmändirler we beýle zat olaryň oýuna hem gelmändir. "Ynha, serediň jaýlaryň hemmesiniň diýen ýaly daş keşbini üýtgetdiler. Ýöne näme üçindir nobat bize gelip ýetmedi. Bu, belki, ýaşaýan jaýymyz juda köne bolany üçin şeýledir. Häzir eşidýän gürrüňlerimiz diýseň täsin. Ynha, biziň ýaşaýan jaýymyzyň taryhy şundan ybarat" diýip, jaýyň ýaşaýjylary öz garaýyşlaryny aýan edýärler.

Başga bir ýaşaýjam şeýle pikir aýdýar: "Bu ýerde pygamberimiziň ady we beýleki mukaddeslikler ýazylan bolsa, men hiç hili nägilelik bildirmeýärin. Gaýtam, goý, jaýyň daş keşbi edil bolşy ýaly galsyn we hiç wagt üýtgedilmesin, ol täzeden oňarylmasyn".

Başga biri onuň bilen razylaşmaýar: "Meniň pikrimçe, şeýle sözleriň orny adamyň ýüreginde bolmaly. Öýleriň, jaýlaryň we dükanlaryň diwarlary – jemgyýetçilik ähmiýetli ýerler, onsoň beýle ýazgylar ol ýerlerde bolmaly däl. Bolmasa bu ýagdaý öz pikriňi başga birine zor bilen kabul etdirmek isleýän ýaly bolup görünýär. Adamlaryň hemmesi birmeňzeş däl ahbetin. Bizde dürli dinlere we ynançlara uýýan adamlar bar. Şonuň üçinem meniň pikrimçe, şeýle äheňli ýazgylary aýyrmak has dogry bolar".

Bu agzalýan jaýyň owalky Sowet Soýuzynda ateizmiň başyny çeken edara tarapyndan ateist sowet respublikalarynyň biri bolan Gazagystanyň şol döwürdäki paýtagtynda gurulmagy gaty geň ýagdaý.

Bilermenleriň pikrine görä, ol döwürde arhitektorlar şeýle nagyşlaryň aslynda dini mazmunly hatlardygyna düşünmändirler. Olar şeýle nagyş ýaly edilip ýazylan owadan hatlary gündogar sungatynyň alamatlaryndan hasaplapdyrlar.

"Ol hatlarda nähili many gizlenen?"

"Nur-Mubarek" Müsür we Yslam medeniýeti uniwersitetiniň işgäri, hatdat Serik Tajybaýew bu ýagdaý barada başga bir garaýşy öňe sürýär. Onuň aýtmagyna görä, şeýle hatlar köpgatly jaýlarda tötänleýin peýda bolmandyr: "Ol ýerde yzly-yzyna tirkeşik ýagdaýda "Alla akbar", "Subhanalla" we "Muhammet" sözleri ýazylypdyr. Hat sungatynyň ugurlarynda beýan edilişine görä, ol sözleriň ýazylyşynda dürli manylar gizlenen. Kim-de bolsa biri bu hatlary ýazanda, [olara aýratyn many berip], olary ýörite görkezmek isläpdir".

Gazagystanyň dini ýa-da dünýewi edaralary häzire çenli ol bäşgatly jaýyň diwaryna ýazylan mukaddes sözler barasynda öz pikirini beýan edenok.

Dinşynaslaryň bellemegine görä, ol hatlaryň mazmunynda hiç hili oňaýsyz pikir ýa-da ekstremistik çagyryş ýok.

XS
SM
MD
LG