Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Miss Gyrgyzystan” hijaba geçýär


“Miss Gyrgyzystan” gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi Aikol Alikžanowa.
“Miss Gyrgyzystan” gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi Aikol Alikžanowa.

2014-nji ýyldaky “Miss Gyrgyzystan” gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi 25 ýaşyndaky Aikol Alikžanowa sosial ulgamda özüniň hijaply düşen suratlaryny halk köpçüligine hödürläpdir.

Diýseň owadan, uzyn saçlary bilen köpleriň ýadynda galan ýaş model golaýda özüniň “Instigram” atly sosial ulgamdaky sahypasynda, hijaply suratlaryny çap edipdir we 211 müň janköýerine ýüzlenipdir: “Hawa, ynha indi men hijap geýmegi karar etdim we bu meniň hut öz saýlap alam ýolumdyr. Şeýle karara gelenim üçin, özümi bagtyýar hasaplaýaryn! Geliň, birek-biregimize merhemetli çemeleşeliň we hormatyň nämedigini öwreneliň” diýip, “Gyrgyzystan Missi” ýazypdyr.

“Hijap geýmek aňsat däl”

Owalky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisiniň daş keşbini üýtgetmek kararyna gelmegi internetde dürli jedelleşiklere sebäp bolupdyr. Köp adam onuň şeýle karara gelmeginiň aň-düşünjeli hereket etmändigini öňe sürüpdirler. Galanlary bolsa, ýaş modeliň dini ynanjyna hormat bilen çemeleşýändiklerini nygtap, ýöne onuň hijap geýmek kararyna akyl ýetirip bilmeýändiklerini ýazypdyrlar. “Munuň geregi ýokdy. Bu biziň milletimize degişli bir adat däl” diýip, biri öz teswirinde belläpdir.

Garşy çykýanlaryň aglaba köpçülikdigine garamazdan, gyrgyz ýaş model Aikoly goldaýanlar hem azlyk däl. “Seni doly goldaýaryn. Bu gaty parasatly we batyrgaý hereketdir. Hemme zady bir tarapa itip, hijap geýmek aňsat iş däl” diýip, ýene biri öz teswirinde nygtapdyr.

Aktrisa bolmak isleýär

Aikol indi başgaça daş keşbi bilen özüni has arkaýyn duýýandygyny aýdyp, tankytlaýanlaryň bolsa diňe dine düşünmeýändigini pikir edýär.

“Men bagtyýar. Maşgalam hem meni goldaýar. Men şeýle uly goldaw aljagyma, ýagny 24 sagadyň dowamynda internetde 10 müň goldawçynyň ses bermegine, dogrusy, garaşmaýardym. Teswirleriň aglaba köpçüligi hem meni goldaýanlara degişlidir” diýip, ýaş model bildiripdir.

Aikoluň aýtmagyna görä, ol henizem kino aktrisasy bolmagy arzuw edýär. Ýöne ol diňe hijaply rollary göz öňünde tutýar. Eger bu arzuwy başa barmasa, onda ol özüni haýyr-sahawat işlerine bagyş eder we şol bir wagtyň özünde, hijap geýinmegi saýlap alan musulman gyzlar üçin, egin-eşik taýýarlamak bilen meşgullanar.

XS
SM
MD
LG