Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Onlarça owgan esgeriniň ABŞ täliminde ýitendigi aýdylýar


Owgan esgeri
Owgan esgeri

Pentagon resmileri Birleşen Ştatlara harby tälim almaga gelen owgan esgerleriniň onlarçasynyň iki ýyla golaý wagt bäri tapylmaýandygyny, olaryň Amerikada bikanun ýaşap, bikanun gazanç etmek bilen meşgullanýan bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar.

Goranmak departamentiniň sözçüsi Adam Stump “Roýters» habar gullugyna 44 sany owgan esgeriniň niredediginiň bilinmeýändigini gürrüň berdi.

1-nji sentýabrdan bäri, rugsat almazdan, sekiz esger harby bazadan gitdi. Ady aýdylmaýan bir goranmak resmisi owgan esgerleriniň ýitrim bolmasynyň ýygjamlaşmagy alada dörediji we «juda gözden çykgynç» diýipdir.

Pentagon öz tälim beriş programmasynyň barlag-gözden geçiriş proseduralaryny berkidýär diýip, Stump aýdýar. 2017-nji ýyldan bäri 2,200 owgan esgeriABŞ-da tälim aldy.

Bu ýurt 2002-nji ýyldan bäri owgan howpsuzlyk güýçlerine tälim bermek, olary enjamlaşdyrmak üçin $60 milliard dolardan gowrak serişde goýberdi.

XS
SM
MD
LG