Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyz gazak žurnalisti özüne hüjüm edilendigini aýdýar


Irina Mednikowa
Irina Mednikowa

Garaşsyz gazak žurnalisti ýurduň iň uly şäheri Almatyda nämälim hüjümçi tarapyndan özüne hüjüm edilendigini we talanandygyny aýdýar.

13-nji oktýabrda Irina Mednikowa Facebook sosial ulgamynda ýazan maglumatynda 12-nji oktýabrda giçlik öýüniň golaýynda bir adamyň özüne hüjüm edendigini mälim etdi.

Hüjümçi meni awtoduralgada duran ulaga çenli süýräp, soňra ulaga tarap itekledi we meniň sumkamy alyp gaçdy diýip, Mednikowa aýtdy.

“Gazagystanyň Ýaşlar informasiýa gullugy” atly garaşsyz guramanyň direktory Mednikowa ýurduň günbataryndaky Atyrau şäherinde geçiriljek media konferensiýasyna degişli resminamalaryň hem sumka bilen birlikde alnyp gaçylandygyny belleýär.

Almaty şäher polisiýasynyň metbugat wekili Saltanat Azirbek Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda “ogurlyk” bilen baglanyşykly derňewleriň başladylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG