Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekuador "WikiLeaksiň" başlygynyň internet elýeterliligini çäklendirdi


"WikiLeaks" websaýtynyň gurujysy Julian Assanj.
"WikiLeaks" websaýtynyň gurujysy Julian Assanj.

Ekuador hökümeti "WikiLeaks" websaýtynyň gurujysy Julian Assanjyň internete elýeterligini wagtlaýyn çäklendirendigini aýdýar. Sebäp bu toparyň amerikan saýlawlaryna garyşmagy bilen ylalaşmandygy.

"WikiLeaks" golaýda Birleşen Ştatlaryň Demokratik partiýasynyň ýokary derejeli resmileriniň köp sanly e-maillerini çap etdi. Amerikanyň aňtaw gulluklary we hususy ekspertler bulary yzarlap, orsýetli hakkerler bilen baglanyşyklydygyny ýüze çykardylar.

Demokratik partiýanyň prezidentlige dalaşgäri Hillary Klinton hem bu barada ors hökümetini günäledi.

Assanj Günbataryň kanunlaryndan gaçyp, 2012-nji ýylyň ortalarynda Ekuadoryň Londondaky ilçihanasyny penalandy. Ol şondan bäri şol ýerde ýaşaýar.

Hepdäniň aýagynda Klintonyň maýa goýuş banky Goldman Saksde eden hususy çykyşy neşir edileninden az salym soň Assanjyň internet baglanyşygynyň kesilendigini "WikiLeaks" habar berdi.

Saýlaw prosesi

Ekuadoryň hökümeti Assanjyň internet baglanyşygynyň 18-nji oktýabrda giçlik kesilmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Ol bu işi "WikiLeaksiň" amerikan saýlawlaryna täsir etmegi mümkin dokumentleri neşir etmek kararyna özüniň goşulmaýandygyny, munuň tutuşlygyna "WikiLeaksiň" jogapkärdigini görkezmek üçin edendigini bildirdi.

"Ekuador özygtyýarlylyk hukugyndan peýdalanyp, özüniň Beýik Britaniýadaky ilçihanasynyň kommunikasiýa ulgamynyň käbir böleklerine bolan baglanyşygy wagtlaýyn çäklendirdi" diýip, Ekuadoryň Daşary işler ministrligi bir beýannamada aýtdy.

Beýannamada ýene-de: "Ekuador hökümeti beýleki döwletleriň içki işlerine garyşmazlyk prinsipini hormatlaýar. Ol daşarky saýlaw proseslerine ne garyşýar, ne-de belli bir kandidaty ileri tutýar" diýilýär.

Ýöne Ekuadoryň prezidenti Rafael Korrea respublikanlaryň kandidaty Donald Trampy däl-de, demokratlaryň dalaşgäri Klintony goldaýandygyny gizläp duranok.

"Men Birleşen Ştatlaryň we bütin dünýäniň bähbidi üçin, Hillary Klintonyň ýeňiji bolmagyny gowy görýärin" diýip, Korrea "Russia Today" neşirine aýtdy.

Ol soňra hem Klintona "meniň öz tanaýan we ýokary baha berýän adamym" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Göz öňünde tutulan planlar

Britaniýada bir kazyýet Şwesiýada iki aýala jynsy taýdan azar berenlikde aýyplanýan Assanjy bu barada soraga çekilmegi üçin, Şwesiýa ekstradisiýa edilmeli diýip karar çykaranda, Ekuadoryň solçy hökümeti oňa gaçybatalga berdi.

Assanjyň internet baglanyşygy kesileninden soň "WikiLeaks" garaşylmadyk ýagdaýlar üçin göz öňünde tutulan planlary işe girizjekdigini habar berdi. Ekuador bolsa bu toparyň "žurnalistik işjeňligini" togtatmandygyny aýtdy.

18-nji oktýabrda "WikiLeaks" Klintonyň saýlaw kampaniýasynyň başlygy Jon Podestanyň e-mailleriniň ýene bir bölegini Twitterden neşir etmek bilen bu toparyň neşir etmek başarnygynyň böwetlenmändigini görkezdi.

Podesta öz e-mailleriniň ile ýaýradylmagyna Orsýeti jogapkär etdi. "WikiLeaks" bolsa bulary nireden alandygyny aýdanok.

Assanjyň internet baglanyşygy kesileninden az salym soňra "WikiLeaks" Birleşen Ştatlary Julian Assanjy jylawlamagy üçin, Ekuadora basyş edenlikde aýyplady.

Birleşen Ştatlar muny ret etdi. Ekuador hem muňa salgylanyp, özüniň "beýleki döwletleriň basyşyna boýun egmeýändigini" aýtdy.

Amerikanyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jon Kirbi "WikiLeaksiň" bu aýyplamasyny ret edip: "Biziň WikiLeaksden birahatlygymyz köp wagt bäri bar bolsa-da, onuň ýapylmagynda Jon Kerriniň ýa Döwlet departamentiniň eli bar diýilýän gürrüňler nädogry" diýdi.

XS
SM
MD
LG