Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Harby uçar ýykylanda 9 adam öldi


Krym, rus dikuçary
Krym, rus dikuçary

Özbegistanyň döwlet eýeçiligindäki mediasy ýurduň gündogarynda ýykylan harby dikuçarda 9 adamyň, şol sanda 6 esgeriň wepat bolandygyny aýdýar.

Habarda sowet önümi bolan Mi-171 transport dikuçarynyň 18-nji oktýabrda, Özbegistanyň Fergana sebitinde, Gyrgyzystan bilen serhediň golaýynda heläkçilige uçrandygy aýdylýar.

Goranmak ministrliginiň beýanatynda bu heläkçilik «tötänden bolan hadysa» diýlip häsiýetlendirilýär we onuň üç admdan ybarat ekipažy we üstündäki alty esger wepat bolupdyr.

Özbegistanyň Goranmak ministrligi bu hadysany derňemek üçin ýörite komissiýa döretdi.

XS
SM
MD
LG