Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň, Sank-Peterburgyň otelleri gymmatlaýar


Moskwanyň, Sank-Peterburgyň otelleri gymmatlaýar
Moskwanyň, Sank-Peterburgyň otelleri gymmatlaýar

Öňümizdäki syýahatçylyk möwsüminden başlap Moskwadaky we Russiýanyň iň uly şäheri Sank-Peterburgdaky myhmanhanalar daşary ýurtlylar üçin öz hyzmat nyrhlaryny ýokarlandyrar diýip, Russiýanyň turzim resmisi aýdýar.

Rusisýanyň “Intourist” atly baş direktoratynyň müdiri Leonid Marmer 20-nji oktýabrda beren maglumatynda gymmatlamanyň 15 bilen 40 prosent möçberinde boljakdygyny aýtdy.

Bu çäre daşary ýurtlardan, hususanda Hytaýdan we Eýrandan gelýän syýahatçylaryň artýan akymyny düzgünleşdirmäge ýardam berer diýip, Marmer belleýär.

Şeýle-de, ol geçen tomus Moskwadaky we Sank-Peterburgdaky myhmanhanalaryň ençemesi turistleriň sanynyň garaşylanyndan has köp bolany sebäpli öňünden aýyrdylan ýerleri goýbolsun etmeli boldy diýdi.

XS
SM
MD
LG