Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň resmisi Siriýadaky ‘taryhy jenaýatlary’ ýazgardy


BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygy Zeid Ra'ad al-Hussein.
BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygy Zeid Ra'ad al-Hussein.

Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşi Siriýanyň gabawdaky Aleppo şäheri barada ýörite sessiýany açdy.

Britaniýa tarapyndan çagyrylan sessiýada Siriýadaky, hususanda onuň demirgazygynda pitneçileriň kontrollugynda ýerleşýän etraplardaky ýowuzlyklara çözgüt tapmaga synanyşylýar. Siriýanyň hökümet güýçleri tarapyndan gabawda saklanylýan sebitde 250,000 çemesi parahat ilat ýaşaýar.

BMG-niň adam hukuklary boýunça başlygy Zeid Ra'ad al-Hussein Howpsuzlyk Geňeşiniň 47 agzasynyň öňünde çykyş edip, “taryhy proporsiýadaky, ölçegdäki jenaýatlara” garşy herekete geçmegi talap etdi.

Britan hökümetiniň Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça ministri Tobias Ellwood Moskwany Aleppodaky “utançsyz” hereketleri üçin tankyt edip, “Russiýa, sen ýagdaýy çözmän, ony has-da ýaramazlaşdyrýaň” diýdi.

XS
SM
MD
LG